“Bundesliganyň” täze möwsümi

“HAMBURGSYZ” ILKINJI MÖWSÜMGermaniýanyň “Bundesligasynda” täze 56-njy möwsüminiň iň esasy aýratynlygy çempionatyň ähli möwsüminde çykyş eden ýeke-täk topar bolan “Hamburgyň” bu ýyl çykyş etmeýänligidir.

Başgaça aýdylanda, “Hamburgsyz” ilkinji “Bundesliga” möwsüm geçiriler.Soňky ýyllarda çempionaty aşaky orunlarda, kynlyk bilen ligada galyp tamamlan “Hamburg” ahyry aşaky liga düşdi. Ýewropanyň TOP 5 çempionatynyň biri hasaplanýan “Bundesligada” 18 klub çykyş edýär (beýleki 4-sinde 20 klub).Toparlaryň tälimçileri barada aýdylanda, 4 topar tälimçisini çalyşdy. Şolaryň biri-de çempionlygyň 100 göterime golaý dalaşgäri hasaplanýan “Bawariýa” bolup, topara tälim bermeklik “Aýntrahtda” özüni tanadan “Bawariýanyň” ozalky oýunçylaryndan horwatiýaly Niko Kowaça ynanyldy. 18 toparyň 13-siniň tälimçisi ýerli, galan 5 topara-da daşary ýurtly hünärmenler tälim berýär.Çempionatyň täze klublary “Fortuna Düsseldorf” 5 möwsümden soň, 24-nji gezek “Bundesligada” çykyş eder. Şeýle-de “Bundesligada” 1,umumylykda-da Germaniýanyň ýokary ligasynda 9 çempionlygy bolan “Nürnberg” topary-da 4 möwsümden soň, ýene-de “Bundesliga” dolandy.“BAWARIÝA”“Bundesliganyň” diňe ilkinji möwsümine gatnaşmadyk, soňky 6 ýylyň çempiony “Bawariýanyň” ýene-de çempionaty 1-nji hatarda tamamlajakdygyna şübhe ýok.

Umuman 28 gezek çempionlyk gazanan “Bawariýa” bu ýyl o diýen bellärlikli transfer etmedi.Gyşda alan oýunçysy Leon Goreska toparyň düzümine goşuldy.Topardan welin, Artura Widal başga kluba transfer boldy.

Janköýerler Kowajyň tälimçiligindäki toparyň Noýer, Lewandowski, Tiago, Hummels, Riberi, Robben, Hames, Alaba, Kimmih ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýar.“BORUSSIÝA DORTMUND”“Bawariýa” çempionlyk ugrunda iň uly päsgelçiligi berip biljek topar Dortmundyň “Borussiýasy” bolup, olar hem tälimçisini çalyşdy. Şweýsariýaly Lusien Fawry wezipä bellän dortmundlylar, diňe bir “Bundesliganyň” däl, eýsem olar Ýewropanyň hem iň köp tomaşaçyly topary hasaplanýar. “Borussiýa” transfer möwsüminde Sokratis, Kastro, Ýarmolenko, Durm ýaly oýunçylary ugradyp, olaryň öwezine Wolf, Delaneý, Diallo, Witsel, Hakimi (kärendesine) ýaly futbolçylary aldy. 8 ýoldaşlyk duşuşygynyň 5-sini ýeňiş bilen tamamlan “Borussiýanyň” şu möwsümde-de esasy ýyldyzlary täze transferler bilen bir hatarda, Roýs, Pulişiç, Dahud, Gýotse, Filipp, Kagawa, Şmelzer dagy bolar.“ŞALKE” “BAÝER” “LEIPSIG”Çempionlyk ugrunda göreş alyp barmasalaram 234-nji basgançaklaryň esasy dalaşgärleri hökmünde “Şalkedir” “Baýer” we “Leipsig” toparlaryny görkezmek bolar.

Dominika Tedeskonyň tälimçiligindäki “Şalkeniň” esasy ýyldyzlary hökmünde Konoplýanka, Di Santo, täze transfer Mark Ut, Kaliguri, Burgştaller dagy bellenilmäge mynasypdyr.Paulinio, Weiser ýaly oýunçylary hataryna goşan “Baýeriň” düzümindäki esasy oýunçylar Tah, Bender, Baumgartlinger, Leon Baileý, Brandt dagy bolar.

Esasy ýyldyzy Nabi Keitany “Liwerpula” satan “Lepsig” hem öňdäki orunlaryň dalaşgäri hasaplanýar.Bularyň hataryna “Hoffenhaým”, “Ştutgart”, “Aýntraht ýaly klublary-da goşup bileris.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
Transfer täzelikleri
Mançester Siti dünýäniň klublaýyn çempionatynyň finalyna çykdy
Ýewropa çempionatynyň eminleri
Horwatiýanyň düzümi belli boldy
Mewlüt Çawuşogly Bosniýa-Gersegowinada saparda bolýar