Transfer täzelikleri

Germaniýanyň “Bundesligasynyň” soňky çempiony “Bawariýa” wagtlaýynça bellenen tälimçi Hans Flikiň şertnamasyny uzaltdy. Ozal möwsümiň ahyryna çenli ylalaşyk gazanan Flik golaýda “Bawariýa” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. 55 ýaşly tälimçi şu möwsümiň 10-njy tapgyrynda Niko Kowaçyň ornuna wezipä bellenipdi. Ol Kowaçyň kömekçisi bolup işleýärdi.

“Bawariýa” topary tälimçisi Flikden soň, esasy oýunçylaryndan Tomas Müller bilen hem şertnamanyň möhletini uzaltdy. 30 ýaşly hüjümçi münhenlileriň düzüminde 2023-nji ýylyň tomsuna çenli çykyş eder.Onuň şertnamasy 2021-nji ýylda tamamlanýardy. 2009-njy ýyldan bäri “Bawariýada” çykyş edip gelýän Müller 521 oýunda 195 goly derwezä girizdi. “Bawariýanyň” ýaşlar düzüminde futbola başlan Müller 8 gezegem “Bundesliganyň” çempionlygyny gazandy.

Germaniýanyň “Bundesligasynda” aşaky orunlarda bolan Berliniň “Herta” toparynyň täze tälimçisi mälim edildi.Toparyň ýolbaşçylary Bruno Labbadiýany toparyň täze tälimçiligi wezipesine bellediler. 54 ýaşly tälimçä Erdinç Sözer bilen Olaf Ýanssen ýardam berer.

Labbadiýa möwsümiň galan 9 duşuşygy üçin “Herta Berline” tälimçilik eder. Şertnamanyň uzaldylyp-uzaldylmajakdygy tälimçiniň topara gazandyrjak netijelerine bagly bolar.Labbadiýa mundan ozalam “Bundesligada” “Baýer”, “Hamburg”, “Ştutgart”, “Wolfsburg” ýaly toparlara tälim beripdi.

Ýene degişli makalalar

Total futbolyň jemleýji bölümi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Ronaldo 5-nji orna geçdi
Mançester Siti dünýäniň klublaýyn çempionatynyň finalyna çykdy