3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy

Germaniýanyň Kubogy (DFB-Pokal) ýaryşynyň 2-nji tapgyrynda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. 81-nji gezek geçirilýän ýaryşyň 2-nji tapgyrynda “Bawariýa” myhmançylykda 3-nji ligada çykyş edýän “Saarbrukken” topary bilen duşuşdy. 16-njy minutda Tomas Mülleriň goly bilen öňe geçen “Bawariýa” toparynyň derwezesinden deňlik goluny 45+1-nji minutda Sonthaýmer geçirdi.

Duşuşygyň 90+6-njy minutynda-da Gaus ýer eýelerine ýeňiş getiren goly öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Saarbrukken” güýçli garşydaşyny ýaryşdan çykaryp, 3-nji tapgyra çykmagy başardy. “Bawariýa” 23 ýyldan soň kubok ýaryşynda 2-nji tapgyrda utuldy.

Kubogyň soňky 2 ýylynyň eýesi “Leipsig” myhmançylykda “Wolfsburgdan” 1-0 hasabynda asgyn geldi (Çerni 14). Şeýle-de, “Borussiýa Dortmund” “Hoffenhaýmy” (Roýs 43), “Ştutgart” “Union Berlini” (Undaw 45) 1-0 hasabynda bilen utdy. “Baýer” myhmançylykda Adliniň 2 gol geçiren oýnunda 3-nji liganyň wekili “Sandhauzen” toparyny 5-2 ýeňdi. “Aýntraht”, “Herta Berlin”, “Nürnberg”, “Magdeburg”, “Paderborn”, “Kaizerslautern”, “Borussiýa M, “St.

Pauli”, “Fortuna Düsseldorf”, “Hamburg” hem-de 4-nji liganyň bir sebitleýin ligasynda çykyş edýän “Homburg” topary 1/8 finala çykdy. “Homburg” topary 2-nji ligada çykyş edýän Groýter Fürt toparyny 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1/8 finalyň bijeleri 5-nji noýabrda çekiler, duşuşyklary bolsa 5-6-njy dekabrda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Bundesliganyň” täze möwsümi
Messiniň 35-nji het-trigi
“Bawariýa” çempionlygy soňky tapgyra goýdy
“Borussiýa Dortmund” arany açýar
Bundesligada möwsüm tamamlandy
“Liwerpul”, PSŽ hem-de “Ýuwentus” säwliksiz barýar