“Bawariýa” çempionlygy soňky tapgyra goýdy

Germaniýanyň “Bundesligasynda” “Bawariýa” myhmançylykda “Leipsig” bilen golsuz oýnap, çempionlygy soňky tapgyra goýmaly boldy.Dortmundyň “Borussiýasy” öz meýdançasynda “Fortuna Düsseldorfy” 32 hasabynda ýeňip, çempion bolmak umydyny soňky tapgyra çenli saklamagy başardy. 34-nji tapgyrda “Bawariýa” öz meýdançasynda “Aýntrahty” kabul etse, Mönhengladbahda iki “Borussiýa” topary duşuşar. Şeýle-de Germaniýada “Hannower” bilen “Nürnberg” aşaky liga düşen toparlar bolup, 16-njy hatardaky “Ştutgart” ligada galmak üçin pleý-off tapgyryna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Möwsümiň taryhy ýeňişleri
Dortmundyň "Borussiýasy" tälimçi Fawry wezipesinden boşatdy
“Bundesligadan” “Premier Liga” transfer boldy
Çempionlyga garaşýan çempionlar
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Çempionlyga 2 ýeňiş galdy