Möwsümiň taryhy ýeňişleri

Häzirlikçe togtadylan 20192020 futbol möwsümi ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Garaşylmadyk ýeňişler, ýeňlişler… täze ýyldyzlar, owadan gollar… Möwsümiň ýene bir ýatdan çykmajak tarapy-da käbir toparlaryň ençeme ýyldan bäri ýeňip bilmeýän garşydaşlaryny ýeňmegi boldy. Ine, şolaryň käbirleri:

“Benfika”—“Braga”

19541955 futbol möwsümi… Portugaliýanyň çempionaty. “Braga” topary Lissabondaky “Luž” stadionynda güýçli ýagan ýagyş zerarly emele gelen palçykly meýdançada ýerli “Benfika” toparyny 10 hasabynda ýeňýär. Şol ýeňişden soň, “Braga” toparyna “Benfikany” 66 möwsümläp myhmançylykda ýeňmek başartmaýar.

Hawa, bragalylar nobatdaky ýeňşe 66 ýyl garaşmaly bolýarlar. Şu ýylyň 15-nji fewralynda oýnalan duşuşykda yzly-yzyna ýeňlişler alyp, birinjiligi “Porto” toparyna aldyran “Benfika” öz meýdançasynda “Bragadan” 10 asgyn gelýär.

Myhmanlara “Luž” stadionynda 66 ýyldan soň, 3 utuk gazandyran ýeke-täk goly Palhiniýa derwezä girizýär.

“F. Düsseldorf”—“Borussiýa M”

Stefan Effenberg nemes futbolynyň meşhur ýyldyzlarynyň, belli ýarymgoragçylarynyň biridir. “Borussiýa M” toparynyň myhmançylykda iň soňky sapar “F.Düsseldorfy” Effenbergiň ýeke-täk goly bilen ýeňendigini futbol janköýerleriniň köpüsi bilýän däl bolsa gerek.

Mundan 30 ýyl ozal, ýagny 1990-njy ýylyň 17-nji martynda Mönhengladbah şäheriniň topary myhmançylykda “Düsseldorfy” Effenbergiň ýeke-täk goly bilen ýeňip, şol möwsüm “Bundesligada” galmagy başarypdy.Mönhengladbahlylar nobatdaky 3 utuga laýyk 30 ýyl garaşmaly bolýarlar. Şu ýylyň 15-nji fewralynda geçirilen duşuşykda Marko Rouzyň şägirtleri myhmançylykda “Fortuna Düsseldorfy” 41 hasap bilen ýeňip, 30 ýylyň ahmyryny çykarýar.

“Seltik”—“Reýnjers”

2010-njy ýylyň 24-nji oktýabry… Dünýäniň iň dartgynly, çekeleşikli, gadymy derbisi hasaplanýan “Old Firm” (“Köne fabrik”) derbisinde, “Seltik” topary “Seltik Parkda” “Reýnjersi” kabul edýär.Kenni Milleriň 2 gol geçiren oýnunda “Reýnjers” myhmançylykda 31 hasabynda ýeňýär.

Bu ýeňişden soň, 9 ýyl geçýär. Şol döwürde “Reýnjers” maliýe ýetmezçiligi sebäpli 4-nji liga düşürilýär. 4 ýyldan soň ýene-de Şotlandiýanyň “Premier ligasyna” dolanýar.Garaz, Glazgo şäheriniň gök reňklileri, ýagny “Reýnjers” 9 ýyldan soň, ezeli bäsdeşini myhmançylykda ýeňmegi başarýar. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Stiwen Jerardyň tälimçiligindäki “Reýnjers” myhmançylykda Glazgo şäheriniň ýaşyl reňklilerini, ýagny “Seltigi” Kent we Katiçiň gollary bilen 21 hasabynda ýeňýär. Ýeri gelende aýtsak, mundan 9 ýyl ozalky ýeňlişde-de “Seltige” häzirki tälimçisi Neill Lennon tälim berýärdi.

“Fenerbahçe”—“Galatasaraý”

Türk futbolynyň öňdebaryjy iki toparynyň arasynda-da bäsdeşlik bir asyrdan gowrak wagt bäri dowam edip gelýär. “Galatasaraý” toparyna “Fenerbahçäni” myhmançylykda ýeňmek hemişe-de kyn düşýär. Ýöne olaryň 21 ýyla golaý myhmançylykdaky ýeňlişsiz ýörişi şu ýyl ahyry tamamlanýar. 1999-njy ýylyň 22-nji dekabrynda Hasan Şaş we Marsionyň gollary bilen 21 ýeňen “Jim Bomuň” myhmançylykda nobatdaky ýeňşine janköýerler 21 ýyldan gowrak wagt tagapyl etmeli bolýarlar.

Edil “Braganyň” “Benfikany”, “Borussiýa M” toparynyň “F.Düsseldorfy” ýeňşi ýaly, Fatih Terimiň şägirtleri hem şu ýylyň fewral aýynda (23-nji fewralda) ezeli bäsdeşini 31 hasabynda utup, janköýerlerini begendirýär. 21 ýyl ozalky gazanylan ýeňişde-de “Galatasaraý” toparynyň oýunçylaryna meýdançanyň kenarynda Fatih Terim görkezme berýärdi.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
“Bawariýa” çempionlygy soňky tapgyra goýdy
“Bundesliganyň” täze möwsümi
Messiniň 35-nji het-trigi
Ýarym finalçylar belli boldy
Bundesligada möwsüm tamamlandy