“Borussiýa Dortmund” arany açýar

Germaniýanyň “Bundesligasynda” Dortmundyň “Borussiýasy” myhmançylykda “Maýnsy” Alkaser we Pişşekiň gollary bilen 21 utdy.Ispaniýaly hüjümçi Pako Alkaser bu oýunda-da soňdan meýdança girip, tapawutlanmagy başardy. “Bawariýa” bolsa, liganyň aşaky orunlarynda barýan “Fortuna Düsseldorf” bilen 33 deňme-deň oýnady. Ýer eýeleri Süle we Mülleriň (2) gollary bilen 3-1 öňe saýlansa-da, Düsseldorfyň hüjümçisi Dodi Lukebaiko olaryň her goluna jogap berdi. Ýaş hüjümçi 44-nji, 77-nji we 90+3-nji minutlarda tapawutlandy. 36 goluň geçirilen “Bundesliganyň” 12-nji tapgyrynda “Şalke” “Nürnbergi” 52, “Borussiýa M.” topary-da “Hannoweri” 41 ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

MBAPPENIŇ REKORDY
“Bundesliganyň” täze möwsümi
“Bawariýa” çempionlygy soňky tapgyra goýdy
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
“Barselonanyň” öňki oýunçysy BAE-de çykyş eder
Transfer täzelikleri