Çempionlyga garaşýan çempionlar

Bir wagtlar çykyş edýän çempionatlarynda yzygiderli çempionlyklar gazanan käbir toparlaryň şol çempionlyklaryny gaýtalamandygyna köp wagt geçdi. Olaryň käbirleri adaty toparlaryň hataryna öwrülip gitdi. Şol birwagtyň özünde-de, olaryň käbiri öňümizdäki ýyllarda-da çempion bolardan juda daşda.

“Liwerpul” 29 ýylFutbolyň watany Angliýada häzirki wagtda çempionlyk ugrunda “Mançester Siti” bilen ýiti göreş alyp barýan “Liwerpul” soňky sapar çempion bolanynda entek “Premier liga” döredilmändi.

Başgaça aýdylanda, iňlis futbolynyň iň köp çempion bolan 2-nji topary 29 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp bilenok. 1992/93 möwsüminde “Premier liga” diýlip at goýlan Angliýanyň ýokary ligasynda “Liwerpul” soňky sapar 1989/90 möwsüminde çempion bolupdy. 18 gezek çempion bolan “Liwerpul” şol wagtlar ýurduň iň uly toparydy.

Aleks Fergusonyň “Mançester Ýunaýtedde” uzak ýyllaryň dowamynda gazanan çempionlyklaryndan soň, “Liwerpul” 2-nji orna düşdi. 2002-nji, 2009-njy hem-de 2014-nji ýyllarda çempionaty 2-nji orunda tamamlap, altyn medala golaýlapdylar.

Aýratynam, 2014-nji ýylda soňky tapgyrlarda “Çelsiden” öz meýdançasynda 20 utulyp, çempionlygy “Mançester Sitä” aldyrypdy. Şonda 1-nji golda Stiwen Jerardyň büdräp, topy aldyrmagy entek-entekler köpleriň ýadyndan çykmasa gerek. 2015-nji ýylda Ýurgen Kloppy tälimçilige bellän toparyň şondan soň çempion bolmak umydy has-da artyp başlady.

Owadan oýny we hataryndaky ýyldyzlary bilen taraply-tarapsyz janköýerleriň gyzgyn söýgüsini gazanan klubuň bu ýyl 29 ýyllyk çempionlyk arzuwyna ýetip-ýetmejekdigi galan 3 tapgyrdan soň belli bolar.

“Tottenham” 58 ýylAngliýada häzirki wagtda owadan oýun görkezýän toparlaryň ýene biri “Tottenham” bolup, demirgazyk londonlylaryň soňky gezek çempion bolanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçdi.Taryhynda 2 gezek 1951-nji we 1961-nji ýyllarda Angliýanyň çempiony diýen derejä ýeten “Tottenham” 2 ýyl ozal ýeňşe golaýlasa-da, olara arzyly sepgide ýetmek başartmady.

Häzirlikçe çempionlyk az-owlak daşrakda görünýän hem bolsa, “Premier ligadaky” uly 6 toparyň biri hasaplanýan “Tottenhamyň” tälimçisi Poçettinonyň ýolbaşçylygynda öňümizdäki ýyllarda belki arzuwlary hasyl bolar.

“Napoli” 29 ýylItaliýanyň çempionaty “Serie A-da” hem köp wagtdan bäri çempion bolup bilmeýän toparlaryň sany az däl.Sebäbi çempionata 8 ýyldan bäri “Ýuwentus” hökmürowanlyk edip gelýär.

Edil “Liwerpul” ýaly “Napoliniň” hem soňky gezek çempion bolanyna şu ýyl 29 ýyl bolýar.Rowaýaty futbolçy Diego Maradonanyň çykyş eden ýyllarynda — 1987-nji we 1990-njy ýyllarda çempionlyk gazanan “Napoli” geçen möwsümde ýeňşe tas golaýlapdy. 26-njy tapgyra çenli 1-nji orny saklan “Napoli” 34-nji tapgyrda myhmançylykda “Ýuwentusy” ýeňip, aratapawudy 1 utuga düşüripdi. 35-nji tapgyrda-da “Fiorentinadan” 30 asgyn gelen “Napoli” çempionlyk arzuwyny soňa goýmaly bolupdy.

Edil şonuň ýaly, paýtagt Rimiň klublary-da soňky sapar 2000-nji we 2001-nji ýyllarda “Scudettony” gazanypdylar.Milan şäheriniň wekilleri-de “Ýuwentusdan” öň çempion bolan soňky klublar hasaplanýar (“Inter” 2010, “Milan” 2011). “Serie A-nyň” başga bir adygan kluby “Fiorentinanyň” soňky sapar çempion bolanyna şu ýyl ýarym asyr dolýar.

“Sent Etien” 38 ýylFransiýanyň çempionaty “Ligue 1-de” iň köp çempion bolan topar haýsy diýlip sowal berilse, köpler PSŽ, “Monako”, “Marsel” ýa-da “Lion” diýmegi mümkin. Ýöne bu beýle däl. 10 çempionlyk gazanan “Sent-Etien” kluby “Ligue 1-de” iň köp çempion bolan topardyr. “Sent-Etien” iň soňky sapar çempionlyk gazananynda senenama 1981-nji ýyly görkezýärdi.

Başgaça aýdylanda, topara 38 ýyldan bäri çempionlyk gazanmak başardanok.Häzirki wagtda ortatap toparlaryň hatarynda bolan “Sent-Etieniň” çempionlyk küýsegi entekler diňjege meňzänok.

“Atletik Bilbao” 35 ýylIspaniýada soňky 20 ýylda “Barselona” çempionlyklaryň deň ýaryny gazandy. Şol döwürde “Real Madrid” 6 gezek çempion bolmagy başardy. “La Ligadan” bir gezek hem aşaky liga düşmedik 3 toparyň biri we iň köp çempionlyk gazanan 4-nji klub “Atletik Bilbaonyň” (8 çempionlyk) altyn medal gazanyp bilmän ýörenine köp wagt geçdi.

Soňky sapar 1984-nji ýylda çür depä çykan “Atletigiň” janköýerleri topardan 35 ýyldan bäri çempionlyga garaşýarlar. Şeýle-de Ispaniýada 6 gezek ýeňiji bolan “Walensiýa” 14, 2 çempionlygy bolan “Real Sosiedada” 36 we 1 sapar 1-nji ýeri eýelän “Deportiwo” toparyna-da 28 ýyldan bäri çempionlyk nesip edenok.

“Borussiýa M.” 42 ýylGermaniýanyň “Bundesligasynda” çempionlyk gazanmakda “Bawariýa” taý tapylanok. “Bawariýadan” soň, “Bundesligada” iň köp çempion bolanlar 2 atdaş klub — Mönhengladbahyň hem-de Dortmundyň “Borussiýa” toparlarydyr.

Ikisi-de 5 gezek ýeňiji boldy.Dortmundlylar soňky gezek 2012-nji ýylda çempionlyk gazanan bolsa, “Borussiýa M.” toparynyň çempion bolanyna 42 ýyl dolup barýar. 1970-nji ýyllaryň güýçli topary soňky sapar 19741977-nji ýyllar aralygynda 3 çempionlyk gazanypdy.

Topar şondan bäri wagtal-wagtal öňdäki dörtlüge düşse-de, olara arzyly birinjilige ýetmek häzirlikçe miýesser edenok.

“Sporting” 16 ýylPortugal futboly diýlende, 3 klub “Sporting”, “Benfika” hem-de “Porto” toparlary ýadyňa düşýär. 85 ýyllyk çempionatyň taryhynda çempionlygy şu 3 topar gezekleşip eýelemegi başardylar.

Bu 3 toparyň arasyna diňe “Belenenşeş” bilen “Boawişta” toparlary bir gezek goşuldy. 3 läheňler diýilýän toparlaryň iň köp çempionlyk gazanany “Benfika” bolup, olar 34 gezek hormat münberiniň çür depesine çykdylar. 28 çempionlyk bilen “Porto” 2-nji, 16 gezek ýeňiş gazanan “Sporting” 3-nji ýeri eýeleýär. Ýöne “Sporting” soňky sapar kubogy 2002-nji ýylda asmana göterip, olar 17 ýyldan bäri bu arzuwlaryna ýetip bilenok.

Bu möwsümde-de 2 läheňiň yzynda galan topar çempionlyk arzuwyny soňa goýmaly boldy.

“Trabzonspor” 34 ýylTürkiýäniň “Super Liginde” hem diňe 5 topar çempion bolup, olaryň aglabasyny Stambulyň 3 läheňi özara paýlaşýar. 4-nji uly topar hasaplanýan “Trabzonsporyň” taryhynda 6 çempionlygy bolup, garadeňizliler soňky sapar 1984-nji ýylda, mundan 35 ýyl ozal, ýeňiş gazanypdylar. 1996-njy we 2011-nji ýyllarda çempionlygy soňky duşuşyklarda “Fenerbahçe” toparyna aldyran “Trabzonsporyň” janköýerleri 7-nji çempionlyk üçin häzirlikçe garaşmaly bolarlar.

Ýene degişli makalalar

Trendýol Super Liganyň 30-njy hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi tamamlandy
Spor Toto Super Liganyň 38-nji we soňky hepdesi tamamlandy
Ýewropada “Super” şenbe
“Trabzonspor” bilen “Porto” legionerleri bilen Super Kubogy eýelediler
Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyryň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümde pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi