Super ýyldyzyň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly

UEFA Ýewropa Ligasynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklar oýnaldy. “E” toparçada çykyş edýän “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Şerif” toparyndan 2-0 üstün çykdy.Duşuşykda iňlis klubuna ýeňiş getiren gollary 17-nji minutda Jeýdon Sanço bilen 39-njy minutda penaltiden esasy düzümde meýdança çykan Kristiano Ronaldo geçirdi. Şeýlelikde, Kristiano Ronaldo şu möwsümde ilkinji goluny geçirdi. Şol bir wagtyň özünde bu onuň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly boldy.

Klublardaky 699-njy goluny geçiren Ronaldo 20 ýyldan soň UEFA-nyň bu ýaryşynda çykyş etdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda “Real Sosiedad” topary “Omoniýany” 2-1 hasabynda ýeňdi.

Ýewropa Ligasynda 2-nji duşuşyklaryň netijeleri:

“A”: “Bodo-Glimt” “Sürih”: 2-1, “Arsenal” PSW (20-nji oktýabrda oýnalar)

“B”: “Dinamo Kiýew” “AEK Larnaka”: 0-1, “Renn” “Fenerbahçe”:

“C”: “Betis” “Ludogores”: 3-2, “Roma” HJK: 3-0

“D”: “Union Sent-Žillua” “Malmö”: 3-2, “Braga” “Union Berlin”: 1-0

“E”: “Şerif” “Man. Ýunaýted”: 0-2, “R. Sosiedad” “Omoniýa”: 2-1

“F”: “Midtýulland” “Lasio”: 5-1, “Feýenoord” “Şturm Gras”: 6-0

“G”: “Olimpiakos” “Fraýburg”: 0-3, “Garabag” “Nant”: 3-0

“H”: “Trabzonspor” “Srwena Zwezda”: 2-1, “Monako” “Ferenswaroş”: 0-1

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň 2022/23 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa”
Lewandowskiniň rekordy ýeňşe ýetmedi