“Betis” hem-de “Wilýarrealyň” täze oýunçylary

Bir döwürler “Real Madridde” oýnan ispaniýaly ýyldyz oýunçy Isko “Betis” topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 31 ýaşyndaky ýarymgoragçy geçen ýylyň dekabryndan bäri hiç bir klubda çykyş etmän gelýärdi.

Ol soňky gezek “Sewilýanyň” köýnekçesini geýdi. “Walensiýada” futbola başlan Isko “Malaga” hem-de “Real Madrid” toparlarynda çykyş etdi. Şeýle-de, “Betis” ispaniýaly goragçy, ozalky oýunçysy Mark Bartra bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Geçen möwsüm Türkiýäniň “Trabzonspor” toparynda oýnan 32 ýaşyndaky oýunçy kluby bilen şertnamasyny ýatyrypdy.Bartra 2018-2022-nji ýyllar aralygynda 4,5 möwsüm “Betisde” oýnapdy. “Barselonada” möwsüm oýnan Bartra “Bundesliganyň” wekili “Borussiýa Dortmundda” 1,5 möwsüm çykyş etdi.

***

Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary nemes kluby “Leipsigiň” norwegiýaly hüjümçisi Aleksander Sörloty 10 million ýewro transfer etdi.Ispan kluby goşmaça tölegler hem tölär. 27 ýaşyndaky hüjümçi ispan kluby 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Soňky 2 möwsümi “Real Sosiedadda” kärendesine geçiren Sörlot 90 duşuşykda 24 gezek tapawutlandy.Sö rlot “Bodo-Glimt”, “Groningen”, “Midtýullan”, “Kristal Palas”, “Gent”, “Trabzonspor” ýaly klublarda-da çykyş etdi. Şeýle-de, “Wilýarreal” topary “Milanyň” italiýaly goragçysy Matteo Gabbiany hem 1 ýyllyk şertnama bilen kärendesine düzümine goşdy.

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
Super ýyldyzyň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly
Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň Tejen Mary bölegi açyldy
Halkara standart hyzmatlary HK ISO 9001:2015 standarty boýunça okuwlara çagyrýar
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy döredildi