Uzaga çeken çempionlyk arzuwlary

Häzirki zaman futbolynda täze möwsümiň çempionyny öňünden çaklamak üçin futbol hünärmeni bolmak hökman däl.Esasan hem Ýewropanyň 5 uly ligasynda Germaniýada Bawariýanyň, Italiýada Ýuwentusyň, Fransiýada PSŽ-niň, Ispaniýada Real Madridiň ýa-da Barselonanyň çempion boljakdygyny öňünden kesgitlemek ýylsaýyn has-da ýeňilleşýär.

Diňe Angliýanyň Premier Ligasynda azda-kände üýtgeşiklik bolup bilýär.Ol hem Aleks Fergusonyň pensiýa çykmagyndan soň, Premier Ligada çempionlygyň dalaşgärleriniň sanynyň ozalkylara garanyňda, birneme köpelmegi bilen baglanyşykly. Şol bir wagtyň özünde, Ýewropanyň beýleki ligalarynda-da wagtal-wagtal bolaýmasa, o diýen üýtgeşiklik ýok.

Liwerpul

maksadyna ýetdi, beýlekiler…

Käbir klublaryň soňky gezek çempionlyk gazananyna juda köp wagt geçdi. Şolaryň biri-de şu möwsümde ahyry arzuwyna ýetdi.Angliýanyň Premier Ligasynyň wekili Liwerpul topary möwsümi çempionlyk bilen tamamlap, olaryň soňky 2 çempionlygynyň arasynda 30 ýyl bar. 1990-njy ýylda çempionlyk kubogyny asmana göteren Liwerpul şu möwsümde ahyry şol arzuwyna ýetdi.

Liwerpul 30 ýyldan soň, maksadyna ýetmesine ýetdi. Ýöne Angliýada Liwerpuldan başga-da çempionlyga garaşýan klublar bar. Şolaryň biri-de Arsenal bolup, topçular soňky sapar 2004-nji ýylda ligany birinjilik bilen tamamlapdylar.

Ondan bäri 16 ýyl geçdi.Angliýada iň köp çempion bolan 4-nji we 5-nji toparlar degişlilikde, Ewerton bilen Aston Willadyr. 9 çempionlygy bolan Ewerton soňky gezek 1987-nji ýylda, 7 çempionlygy bolan Aston Willa iň soňky sapar 1981-nji ýylda sanawy birinjilik bilen tamamlapdylar.

Atletik Bilbao

ýene-de näçe ýyl garaşmaly?

Ispaniýanyň çempionatynda möwsümiň öňüsyrasynda islendik kişä täze möwsümde haýsy toparyň çempionlyk gazanjakdygy bilen baglanyşykly sowal berilse, olaryň hemmesi diýen ýaly ýa Barselona ýa-da Real Madrid diýerler.Soňky 20 ýylda diňe 3 gezek iki läheňe çempionlyk gazanmak başartmady.

Degişli döwürde Walensiýa 2, Atletiko Madrid bolsa 1 gezek bu iki ägirdiň çempionlyklarynyň arasyny böldi.Ispaniýanyň çempionatynda iň köp çempionlyk gazanan 4-nji topar Atletik Bilbao bolup, olar şol bir wagtyň özünde aşaky liga düşmedik 3 klubuň biridir (beýleki ikisi Real bilen Barselona).

Taryhynda 8 gezek çempion bolan Atletik Bilbao soňky sapar 19831984 möwsüminde ligany çür depede tamamlapdy. Şondan bäri geçen 35 ýyllyk döwürde diňe 1 gezek kümüş medala mynasyp boldy.Adaty ortatap topara öwrülen Atletik çempionlyg-a beýlede dursun, wagtal-wagtal ligada galmak üçin hem ýiti göreş alyp barmaly bolýar.

Bask regionynyň şol 35 ýyllyk arzuwy entek-entek hasyl boljaga-da meňzänok.

Sent-Etien

çempionlygy ýatdan çykardy

Fransiýanyň çempionatynda PSŽ-niň tagtyny owsarlap bilýän topar häzirlikçe ýok.Katarly işewürleriň eýeçiligindäki klub soňky 8 ýylda 7 gezek ýeňiji bolup, çempionlyklarynyň sanyny 9-a ýetirdi.Garaşylmadyk ýagdaýda dürli toparlaryň çempion bolmagy bilen meşhurlyga eýe bolan Fransiýanyň çempionaty Ligue 1-de soňky ýyllarda ýeňiş gazanmak PSŽ toparyna hiçhili kyn düşenok.

Hatda täze möwsüme PSŽ-niň näçe tapgyr öň çempionlygyny yglan etjekdigi hakyndaky gürrüňler bilen başlanylýar.PSŽ çempionlyk gazanmakda Sent-Etienden we Marselden soň, 3-nji orunda barýar. Çempionatyň iň köp çempion bolan topary Sent Etieniň kubogy eýelänine 39 ýyl doldy.

Soňky gezek olar 1980-1981 möwsüminde ýeňiji bolupdylar.Soňky 35 ýylda bolsa, öňdäki üçlüge girmek hem başardanok we bu ýagdaý entekler üýtgär ýaly däl.

Napoli Maradonaly günlerini küýseýär

Edil Liwerpul ýaly, Italiýanyň Napoli toparynyň çempionlyk gazananyna-da şu möwsüm 30 ýyl dolýar.Soňky gezek kubogy Maradonaly ýyllarynda, ýagny 1990-njy ýylda gazanan Napoli 2012-nji ýyldan bäri 4 gezek 2-nji ýeri eýeledi. Şolaryň 2-sinde çempionlyga diýseň golaýlady. Ýöne 8 ýyldan bäri çempion bolup gelýän we bassyr 9-njy ýeňşine-de golaýlan Ýuwentus günortalylaryň çempionlyk gazanmagyna maý berenok.

Aslynda Italiýada çempionlygy arzuw edýän diňe Napoli däl.Paýtagtyň wekilleriniň hem çempion bolanyna-da az wagt geçmedi.Roma soňky sapar 2000-nji ýylda, Lasio bolsa 2001-nji ýylda çempionlyk gazanypdy.

Bawariýa barka…

Germaniýanyň Bundesligasynda edil Serie A-daky ýaly çempionlyk diňe 1 topara mahsus diýsek öte geçdigimiz bolmaz.Olam soňky 8 ýylda çempionlyk gazanan Bawariýa toparydyr.Elbetde, Bundesliganyň diňe Bawariýa degişli bolmadyk ýyllary hem bar. 1970-nji ýyllarda Mönhengladbah şäheriniň Borussiýa toparynyň şemaly belentden öwsüpdi. Şol ýyllarda 5 gezek çempion bolan Borussiýa M topary 1977-nji ýyldan bäri edil elden-aýakdan çykan ýaly.

Borussiýa M topary 43 ýylyň dowamynda bary-ýogy 3 gezek 3-nji orny eýeledi.Aram-aram möwsümiň başlarynda şowly çykyşlar görkezse-de, soňlugy bilen, olara çempionlyk gazanmak häzirlikçe başardyberenok.

Beýleki ýurtlar

Portugaliýanyň paýtagty Lissabonyň Sporting topary ýurduň 3 uly toparynyň biri bolup, olar soňky gezek 2002-nji ýylda çempionlyk gazandy.Paýtagtlylaryň 18 ýyllyk arzuwynyň hasyl bolmagyna Benfika bilen Porto toparlary böwet bolýar.

Topar 18 ýyl ozal 18-nji çempionlygyny gazanyp, şondan bäri çempionaty 6 gezek 2-nji basgançakda tamamlady.Lissabonlylaryň häzirki ýagdaýyny göz öňünde tutsak, olar arzuwlarynyň hasyl bolaryna entekler köp garaşmaly bolarlar.

Türkiýäniň çempionaty Süper Ligde ýurduň iň köp çempion bolan 4-nji topary Trabzonsporyň ýeňiji bolanyna 36 ýyl boldy. 6 gezek ýeňiş gazanan Trabzonspor 1984-nji ýyldan bäri 3-4 gezek agza-burna gelen çempionlygy bäsdeşlerine aldyrdy.

Awstriýanyň çempionaty Bundesliganyň iň köp çempion bolan topary, 32 gezek altyn medaly eýelän Rapid Wien klubuna 12 ýyldan bäri çempion bolmak başardanok.Awstriýada soňky 12 ýylda Red Bull Salsburg topary 10 gezek çempion boldy. Şweýsariýanyň iň gadymy we iň köp çempionlyk gazanan Grasshoppers klubunyň janköýerleri 17 ýyldan bäri toparlarynyň çempionlygyny arzuw edip gelýärler. Ýöne olar ilki bilen maliýe tarapdan gurplanyp, 2-nji ligadan ýokary liga çykmaly bolarlar.

Grasshoppers topary Şweýsariýanyň çempionatynda 27 gezek çempion bolmagy başarypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi
“Bawariýanyň” 27-nji “Bazeliň” 20-nji çempionlygy
Futbol täzelikleri
Total futbolyň 2-nji bölümi