TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi

TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Balkanabat şäherinde çagalaryň gatnaşmagynda Grassroots futbol baýramçylygyny geçirdi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Guralan baýramçylyk çäresinde Balkan welaýatynyň futbol mekdepleriniň ýaşajyk oglan hem-de gyz futbolçylary öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.

Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçirilen Grassroots futbol baýramçylygynyň dowamynda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplary bilen birlikde, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň ýyldyzlary meýdançada: Grassroots futbol festiwallary
Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi
Türkmenistanda AFC Grassroots Football Day 2022 çagalar futbol festiwaly geçirildi
Aşgabatda çagalaryň Grassroots futbol festiwaly geçirildi
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy