Aşgabatda çagalaryň Grassroots futbol festiwaly geçirildi

Aşgabatda çagalaryň Grassroots futbol festiwaly geçirildi

Aşgabat şäherinde oglan-gyzlaryň gatnaşmagynda Grassroots çagalar futbol festiwaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Ýurtda futboluň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen çagalar futbol festiwalyna çagalaryň 150-den gowragynyň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Şeýle-de, festiwalyň soňunda ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň ýyldyzlary meýdançada: Grassroots futbol festiwallary
Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi
TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi
Türkmenistanda AFC Grassroots Football Day 2022 çagalar futbol festiwaly geçirildi
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy