Türkmenistanda AFC Grassroots Football Day 2022 çagalar futbol festiwaly geçirildi

Türkmenistanda AFC Grassroots Football Day 2022 çagalar futbol festiwaly geçirildi

Aşgabat stadionynda AFC Grassroots Football Day 2022 çagalar futbol festiwaly geçirildi. Oňa oglan-gyzlaryň 150-den gowragynyň gatnaşdy. Bu barada TFF-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guran çagalar futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda futboly giň gerimde ýaýbaňlandyrmak bilen bagly boldy.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.

Festiwalyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara ýörite taýýarlanan sowgatlar bilen birlikde futbol toplary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat şäherinde AFC Grassroots Football Day 2021 atly çagalaryň futbol festiwaly geçirildi
Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi
TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi
Aşgabatda çagalaryň Grassroots futbol festiwaly geçirildi
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy