“Bundesligadan” “Premier Liga” transfer boldy

“Borussiýa Dortmundyň” asly suriýeli futbolçysy Mahmud Dahud mundan soň karýerasyny “Premier Ligada” dowam etdirer.Esasy ýyldyzy Aleksis Mak Allisteri “Liwerpula” ugradan “Braýton topary 27 ýaşyndaky germaniýaly futbolçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Nemes kluby bilen şertnamasy tamamlanan oýunçy üçin iňlis kluby transfer tölegini etmez.Dortmundlylaryň düzüminde 6 möwsümde 141 gezek meýdança çykan Dahud 5 gol geçirdi.Ol futbola “Borussiýa Mönhengladbah” toparynda başlapdy.

Dahud Germaniýanyň ýygyndysynda-da 2 duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
“Liwerpul” Dünýä çempionyny transfer etdi
Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Mak Allister Liwerpul bilen şertnama baglaşdy
“Real Madridi” uly hasaply ýeňlişden Kurtua halas etdi
Finalda London derbisi
“Arsenal” hem-de PSŽ rekordyň täze eýeleri