Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Mak Allister Liwerpul bilen şertnama baglaşdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Mak Allister Liwerpul bilen şertnama baglaşdy

Liwerpul jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Aleksis Mak Allister bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

Futbolçy Liwerpulda 10-luk belgide çykyş eder. Ozal bu belgini Sadýo Mane, Filippe Koutinýo, Maýkl Ouen, Jon Brans ýaly futbolçylar göteripdiler.

Italiýaly žurnalist Fabrisio Romanonyň ýazmagyna görä, Liwerpul Aleksisi düzümine goşmak üçin 35 million funt töledi. Oýunçy bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy.

Mak Allister geçen möwsümde Braýtonyň düzüminde 40 duşuşyga gatnaşyp, olarda 12 gezek tapawutlandy, 3 goluň hem assistini berdi.

Angliýanyň çempionatynyň geçen möwsümini bäşinji orunda tamamlan Liwerpul indiki möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilmez.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” Dünýä çempionyny transfer etdi
“Bundesligadan” “Premier Liga” transfer boldy
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Transfer möwsümi tamamlandy
Hirşeriň 9-njy, Şiffriniň 7-nji medaly