Çempionlyga 2 ýeňiş galdy

Angliýanyň çempionaty “Premier” ligada “Liwerpul” ädimme-ädim çempionlyga barha golaýlaýar. 29-njy tapgyrda öz meýdançasynda “Bornmuty” Salah (24) we Maneniň (33) gollary bilen 21 hasabynda ýeňen “Liwerpula” çempionlyk üçin ýene-de 2 ýeňiş ýeterlik. “Liwerpul” öz meýdançasyndaky bassyr 22-nji ýeňşini gazanyp, topar bu babatda, öz rekordyny täzeledi.

Mançester derbisinde “Ýunaýted” öz meýdançasynda “Sitini” Marsial (30) we MakTomineýiň (90+6) gollary bilen 20 ýeňdi.Solskaýeriň şägirtleri 10 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. “Çelsi” öz meýdançasynda “Ewertony” 40 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” sanawyň lideri ýene-de üýtgedi. “Real Madridiň” myhmançylykda “Betisden” 21 ýeňilmeginden soň, “Real Sosiedady” öz meýdançasynda 10 utan “Barselona” birinji orna gaýdyp geldi. “Betise” ýeňiş getiren gollary Sidneý we Teýýo derwezä girizdi. “Real Madridiň” adyndan ýeke-täk goly Karim Benzema 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi. “Barselona”“Real Sosiedad” duşuşygyndaky ýeke-täk pökgini bolsa, Lionel Messi 81-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan derwezä girizdi.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Atletiko” bilen “Sewilýa” 22 hasabynda deňme-deň oýnadylar.Germaniýanyň “Bundesligasynda” “Bawariýa” öz meýdançasynda “Augsburgy” Müller we Goretskanyň gollary bilen 20 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Iki “Borussiýa” toparynyň arasyndaky duşuşykda dortmundlylar myhmançylykda Mönhengladbah şäheriniň klubuny 21 hasabynda ýeňdi.

Myhmanlaryň gollaryny 8-nji minutda Torgan Hazard bilen 71-nji minutda Aşraf Hakimi derwezä girizdi.Italiýanyň çempionatynda tomaşaçysyz oýnalan “Italia” derbisinde “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Interi” Remzi we Dibalanyň gollary bilen 20 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu ýeňişden soň, utugyny 63-e ýetiren “Ýuwentus” 1 utuk aratapawudy bilen “Lasiodan” öňe saýlanyp, birinji basgançaga beýgeldi.Russiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Zenit” bassyr 2-nji duşuşygynda 00 deňme-deň oýnady. “Spartak” bilen “Krasnodaryň” arasyndaky oýunda myhmanlar Ariniň 71-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen 10 ýeňiş gazandy.

Tapgyryň esasy oýunlarynyň birinde “Rostow” öz meýdançasynda SSKA-ny 32 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
Hepdäniň iň esasy futbol duşuşyklary
31-nji kluby bilen şertnama baglaşdy
31 klubda çykyş eden Abreu futbol bilen hoşlaşdy