“Liwerpul”, PSŽ hem-de “Ýuwentus” säwliksiz barýar

Angliýanyň çempionatynda “Liwerpul” ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýär. “Mersisaýdlylar” soňky tapgyrda “Southemptondan” 30 (Hoedt 10 ö.d, Matip 21, Salah 45+3) hasabynda üstün çykdy. 6 oýunda 1 gezek deňme-deň oýnan “Mançester Siti” myhmançylykda “Kardiff Sitiniň” torundan jogapsyz 5 pökgi girizdi.

London derbisinde “West Ham” bilen 00 hasabynda deňme-deň oýnan “Çelsi” ilkinji utuklaryny ýitirdi.Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1-de” PSŽ säwliksiz ýagdaýda 1-nji ýeri eýeleýär.Parižliler 7 oýunda 24 gol geçirip, 21 utuk topladylar.

Olar soňky tapgyrda “Stad de Reims” toparyny 41 (Kawani 5, 44, Neýmar 24 p, Mýonýe 55 — Çawalerin 2) hasabynda ýeňdi. Çempionatda 1 ýeňiş gazanan “Monako” bolsa, aşaky orunlarda ýaryşy dowam etdirýär.Italiýanyň çempionaty “Serie A-da” “Ýuwentus” hem häzirlikçe ýalňyşman gelýär.

Kem-kemden täze toparyna uýgunlaşyp başlan Ronaldo 45-nji tapgyrlarda 3 gol geçirdi.Turinliler 6-njy tapgyrda “Bolonýany” Dibala (11) we Matuidiniň (16) gollary bilen 20 ýeňlişe sezewar etdi.

Diňe 1 oýunda utulan “Napoli” hem “Parmany” 30 (Insigne 4, Milik 47, 84) hasaby bilen utdy.Möwsüme şowsuz başlan “Roma” topary “Frosinoneni” 40 (Ünder 2, Pastore 28, El Şaarawi 35, Kolarow 87) ýeňdi.Germaniýanyň “Bundesligasynda-da” şu hepdäniň dowamynda geçirilen 5-nji tapgyrda “Bawariýa” ilkinji utuklaryny ýitirdi.

Münhenliler öz meýdançasynda “Augsburg” bilen 1 utugy paýlaşdy (11, Robben 48 — F.Gýotse 86). 2 gezek deňme-deň oýnan Dortmundyň “Borussiýasy” öz meýdançasynda “Nürnbergi” 70 hasabynda derbi-dagyn etdi.

Oýunda Marko Roýs 2 gol geçirdi. “Bundesligada” “Şalke” geçirilen 5 tapgyrda-da 1 utuk hem gazanyp bilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Messiniň 50-nji het-trigi
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Bundesliganyň” täze möwsümi
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy