Transfer täzelikleri

Widal geldi, Widal gitdi

“Barselona” topary” “Bawariýanyň” çilili ýarymgoragçysy Arturo Widaly transfer etdi.Katalonlar bu transfer üçin 2021 million ýewrony “Bawariýa” berip, 31 ýaşly oýunçy bilenem 3 ýyllyk şertnama baglaşdylar.

Widal “Barselonadan” ýyllyk 9 million ýewro hak alar. Çilili ýyldyz ýurdunyň “Kolo Kolo” toparynda futbola başlap, soňlugy bilen Ýewropanyň “Baýer”, “Ýuwentus” we “Bawariýa” klublarynda oýnady.“Barselona” topary Artur Widalyň gelmeginden soň, düzümindäki başga Widaly, ispaniýaly sag gyraky goragçy Aleiks Widaly oýunçynyň öňki klubuna ugratdy. 28 ýaşly oýunçy “Sewilýa” 8 million ýewro baha transfer boldy.

Ol 2015-nji ýylda 15 million ýewro “Barselona” geçipdi.Ol 3 möwsümde 30 gezek meýdança çykdy.

Iň gymmat derwezeçi

“Premier liganyň” wekili “Çelsi” ispan topary “Atletik Bilbaonyň” derwezeçisi Kepe Arrizabalagany 80 million ýewro satyn aldy. Şertnamasyndaky “80 million ýewro transfer bolup biler” diýen madda esasynda tölenen bu töleg 23 ýaşly Arrizabalaga iň gymmat derwezeçi diýen rekord derejesini gazandyrdy.

Ol ýarym aý öň “Romadan” “Liwerpula” 75 million ýewro transfer bolan braziliýaly derwezeçi Allison Bekeriň rekordyny täzeledi. Şol birwagtyň özünde-de “Çelsiniň” iň gymmat transfer bolan Kepe londonlylar bilen 7 ýyllyk şertnama gol çekişdi. “Çelsi” mundan başga-da “Real Madridden” horwatiýaly ýarymgoragçy Matteo Kowaçiçi hem kärendesine transfer etdi. 24 ýaşly Dünýä Kubogynyň finalçysy 2015-nji ýylda 31 million ýewro baha “Interden” “Reala” geçipdi.

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary “Çelsiniň” belgiýaly derwezeçisi Tibo Kurtuany transfer etdi. Şa kluby 26 ýaşly derwezeçi bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy.Oýunçynyň transfer bahasy hökmünde-de 35 million ýewrony “Çelsi” toparyna berer.

Dünýä Kubogynyň iň ökde derwezeçisi saýlanan Kurtua “Çelside” 154 oýunda meýdança çykyp, şolaryň 58-sinde derwezesini goldan goramagy başardy.Kurtua 20112014-nji ýyllar aralygynda 3 möwsüm Madridiň beýleki topary “Atletikonyň” köýnekçesini hem geýipdi.

Angliýada täze düzgüne görä, 10-njy awgustda transfer möwsümi tamamlandy.Transfer möwsüminiň iň soňky pursatlarynda “Ewerton” topary 3 oýunçyny birden düzümine goşdy.Liwerpul şäheriniň wekili “Şahtýor” bilen şertnamasy tamamlanan braziliýaly 25 ýaşyndaky ýarymgoragçy Bernardy (4 ýyllyk şertnama) hem-de “Barselonanyň” kolumbiýaly goragçysy Ýerri Minany 31 million ýewro transfer etdi. Şeýle-de “Ewerton” “Barselonanyň” portugaliýaly ýarymgoragçysy Andre Gomeşi-de 1 ýyllyk kärendesine aldy.

Dortmundyň “Borussiýasy” Hytaýyň “Tianszin Sýuanszýan” toparyndan belgiýaly ýarymgoragçy Aksel Witseli 20 million ýewro transfer etdi. 29 ýaşly oýunçy nemes kluby bilen 4 ýyla niýetlenen geleşik baglaşdy. Dünýä Kubogynda bürünç medal gazanan Belgiýanyň oýunçysy Witsel “Standard”, “Benfika” we “Zenit” toparlarynda oýnapdy.

Madridiň “Atletikosy” “Milanyň” horwatiýaly hüjümçisi Nikola Kaliniç bilen 2021-nji ýyla çenli degişli şertnama gol çekişdi. 30 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 15 million ýewro diýlip kesgitlenildi.“Arsenalyň ispaniýaly hüjümçisi Lukas Perez mundan soň, karýerasyny Londonyň beýleki topary “West Hamda” dowam etdirer. 29 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 10 million funt sterlinge deň boldy.

Ol 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.“Bornmut” topary “Lewanteniň” kolumbiýaly ýarymgoragçysy Jefferson Lermany 25 million funt sterlinge satyn aldy (5 ýyllyk şertnama). 23 ýaşly oýunçy “Bornmutyň” iň gymmat transferi boldy.“Bernli” kluby “Mançester Sitiniň” iňlis derwezeçisi Jou Harty 3,5 million funt sterlinge transfer etdi.

Soňky 2 möwsümi “Torinodyr” “West Hamda” kärendesine oýnan 31 ýaşly Hart 2 ýyllyk geleşige gol çekdi.“Krasnodaryň” hüjümçisi Fýodor Smolow Moskwanyň “Lokomotiw” toparynyň düzümine goşuldy.

Ýene degişli makalalar

“Bundesliganyň” täze möwsümi
Çilili meşhur ýarymgoragçy klubuny täzeledi
Ikinji duşuşyklar tamamlandy
“Realyň” 150-nji, Ronaldonyň 96-njy ýeňşi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar