7 topar 2-nji tapgyrda

UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 4-nji oýunlardan soň, 7 klub 2-nji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandy. “A” toparçadan “Baýer” bilen “Sürih”, “D” toparça-dan “Dinamo Zagreb”, “E” toparçadan “Arsenal”, “H” toparçadan “Aýntraht” bilen “Lasio”, “L” toparçadan “Çelsi” 2-nji tapgyra çykan klublar boldy.“A” toparçada “Baýer” öz meýdançasynda “Sürihi” 10 hasabynda ýeňdi.

Beýleki oýnuň 00 gutarmagyndan soň, “Baýer” bilen “Sürih” 2-nji tapgyra ýollanma aldy. “B” toparçada “Salsburg” myhmançylykda “Rosenborgy” 52 hasabynda ýeňse-de, olaryň toplan 12 utugy häzirlikçe awstriýalylara indiki tapgyra çykmak üçin ýeterlik bolmady. “Seltigiň” öz meýdançasynda “Leipsigi” 21 utmagy olara päsgel berdi. Öz meýdançasynda “Sporting” bilen 00 hasabynda deňme-deň oýnan “Arsenal” 10 utuk toplady we 2-nji tapgyra çykdy.

Bu tapgyryň iň gyzykly we iň köp golly oýny “G” toparçada Moskwanyň “Spartagy” bilen Glazgonyň “Reýnjers” toparlarynyň arasynda boldy.Myhmanlar 1-nji ýarymda 32 öňe saýlansa-da, moskwalylar 2-nji ýarymda 2 gol geçirip, 43 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Myhmançylykda “Apollony” 32, öz meýdançasynda “Marseli” 21 ýeňen “Lasio” toparlary-da “H” toparçanyň ýeňijileri boldy. “L” toparçadan hem myhmançylykda “BATE Borisowdan” Oliwie Žirunyň ýeke-täk goly bilen üstün çykan “Çelsi” ýaryşy dowam etdirer.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
6 topar ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 5-nji oýunlaryň netijeleri:
Ýewropa ligasy
Myhmançylykdaky toparlaryň üstünliginde geçen tapgyr
Ispan toparlarynyň üçüsi 1/8 finala çykdy