UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar

Geçen hepdäniň penşenbe güni UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň, has takygy, umumylykda 66-njy, Çempionlar ligasynyň 29-njy möwsüminiň toparçalarynda haýsy klublaryň çykyş etjekdigi bije arkaly mälim edildi. Çykyş etjek 32 klub 14 ýurda degişli bolup, 4 topar ilkinji gezek gatnaşýar.

Olar Russiýanyň Krasnodar, Türkiýäniň Istanbul Başakşehir, Fransiýanyň Renn, Daniýanyň Midtýullann toparlarydyr. Şunlukda, dünýä futbolynyň iň eý görülýän klub bäsleşiginde çykyş etjek klublaryň sany 148-e ýetdi.

55 ýurduň 33-siniň wekili gatnaşdy 19921993 möwsüminden bäri UEFA Çempionlar ligasy ady bilen geçirilip gelinýän ýaryşda irki ýyllarda diňe çempionlar çykyş edýärdi. Şol bir wagtyň özünde-de ýaryş utulan-çykdy esasynda geçirilýärdi.

UEFA Çempionlar ligasy adyny alanyndan soň ilki toparçalaýyn bäsleşik esasynda, soňlugy bilenem utulan-çykdy tapgyrlary esasynda guralýan ýaryşa gatnaşmak islendik klubuň birinji derejeli maksady bolup durýar.Bu ýagdaý kluba maliýe hem-de abraý babatda uly öňegidişlik gazandyrýar.

Häzirki wagtda UEFA-nyň 55 agza döwleti bar. Şolaryň 33-siniň wekili bu ýaryşa azyndan 1 gezek gatnaşdy.Bu görkeziji belki-de öňümizdäki ýyllarda aňrygitse 35 bolmagy mümkin. Ýaryş häzirki ulgamda geçirilen ýagdaýynda bolsa, bu sanawa täze ýurtlaryň goşulmagyna garaşylanok.

Azerbaýjan 33-nji ýurt bolup, ýurduň ençeme gezek çempiony Garabag 20172018 möwsüminde çykyş edipdi.UEFA-nyň 22 ýurdundan bolsa, ýeke topar hem bu ýaryşda orun almady.

1 möwsümde 5 topar

UEFA Çempionlar ligasynyň 1 möwsümine iň köp klub bilen gatnaşan 2 ýurt bar.Olar Ispaniýa hem-de Angliýa bolup, 5 klub bilen wekilçilik etdiler. 20152016 möwsüminde Ispaniýadan Real Madrid, Barselona, Walensiýa, Atletiko Madrid hem-de Ýewropa ligasynyň ýeňijisi hökmünde Sewilýa, 20172018 möwsüminde-de Angliýadan Liwerpul, M.

Siti, Çelsi, Tottenham hem-de Ýewropa ligasynyň ýeňijisi hökmünde M. Ýunaýted bu ýaryşda çykyş etdi.

Iň köp ispan we nemes toparlary

UEFA Çempionlar ligasynda iň köp dürli klub bilen çykyş eden ýurtlar Ispaniýa bilen Germaniýa bolup, La Ligadan hem-de Bundesligadan 13 topar wekilçilik etdi.Bu ugurda Fransiýa 11 klub bilen 3-nji, 10 topary gatnaşan Italiýa bilen Angliýa 45-nji ýerleri paýlaşýarlar.

Niderlandlaryň 7 kluby ýaryşda çykyş etdi.Krasnodaryň sanawa goşulmagy bilen Russiýanyň wekilçilik eden toparlarynyň sany 7-ä ýetdi.Belgiýadyr Türkiýeden 6, Portugaliýadan, Daniýadan, Şweýsariýadan 5, Rumyniýadan, Awstriýadan, Şwesiýadan 4, Slowakiýadan, Çehiýadan, Ysraýyldan, Gresiýadan 3, Horwatiýadan, Kiprden, Wengriýadan, Norwegiýadan, Polşadan, Şotlandiýadan, Ukrainadan, Bolgariýadan, Serbiýadan 2, Belarusdan, Finlýandiýadan, Sloweniýadan, Gazagystandan hem-de Azerbaýjandan 1 topar gatnaşdy.

Umumylykda alnanda, ispan klublary 95, iňlis toparlary 92, italýan hem-de nemes klublary 82 gezek bu ýaryşda çykyş etdi. Fransiýanyň adyndan wekilçilik eden 11 klub 67 gezek Çempionlar ligasynyň toparçalaryna atlaryny ýazdyrdylar. Bu görkeziji portugal toparlarynda 51-e, rus klublary üçin 42-ä hem-de niderland toparlary üçin 41-e deňdir.

Ähli möwsümde çykyş edenler

Şu wagta çenli geçirilen 28 möwsümiň ählisine klub goýberen ýurtlar hökmünde Italiýa bilen Fransiýany görkezmek bolar.Başgaça aýdylanda, italýan hem-de fransuz klublary UEFA Çempionlar ligasynyň final tapgyrynda 29-njy möwsümlerini geçirerler.

Ispaniýadyr Angliýanyň hem-de Germaniýanyň klublary 19921993 möwsüminde çykyş edip bilmediler. Şol möwsümki ýaryşyň final tapgyrynda 2 toparça bolupdy.Ispaniýadan Barselona, Angliýadan Lids, Germaniýadan Ştutgart toparlaryna saýlama tapgyrlaryny geçmek başartmandy.

Real Madrid bilen

Barselona 25-nji gezek

çykyş edýärler

29-njy möwsümine badalga beriljek UEFA Çempionlar ligasynda iň köp çykyş eden klub Real Madrid bilen Barselona toparlarydyr.Iki klub hem 25-nji gezek çykyş eder. 1990-njy ýyllaryň başlarynda 4 ýaryşy goýberen Real Madrid yzly-yzyna 24 möwsümden bäri Çempionlar ligasyna wekilçilik edip gelýär.

Soňky çempion Bawariýa bilen Porto 24-nji, Mançester Ýunaýted 23-nji, Ýuwentus 21-nji, Olimpiakos 20-nji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşar.

Italiýa.Italýan klublaryndan Lasio 12 ýyldan soň, toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazandy. 1 gezek çykyş eden Parmadyr Udinezeniň gatnaşmanynyň üstünden ep-esli ýyl geçdi. Şol sanda Fiorentina 15 ýyldan bäri çykyş edenok.

Kubogy Real Madridden soň iň köp eýelän 2-nji topar Milanyň adyna 7 ýyldan bäri duş gelnenok.Olar 17 gezek çykyş edipdiler. 3 möwsümden bäri toparçalary geçip bilmeýän Inter 14-nji gezek gatnaşar.

Geçen möwsümde şowly netije görkezen Atalanta 2-nji ýola gatnaşsa, ýurduň adyndan iň köp wekilçilik eden topar Ýuwentusdyr. 29 ýylda 6 gezek finala çykyp, 5-sinde utulan Ýuwentus 21-nji sapar toparçalarda özüni görkezýär.

Italiýanyň beýleki 2 topary-da Roma bilen Napoli klublary bolup, Rimde 12, Neapolda 6 sapar Çempionlar ligasynyň senasy ýaňlandy.

Germaniýa. Germaniýada Kaizerslautern hem-de Berliniň Herta topary ýaly 2000-nji ýyldan öň 1 gezek gatnaşan klublaryň ornuny häzirki wagtda Leipsig, Borussiýa M klublary doldurýar. Werder 10, häzirki wagtda Bundesliga 2-de çykyş edýän Hamburg topary-da soňky gezek 15 ýyl öň toparçalara gatnaşypdy.

Fransiýa. 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda we 2000-nji ýyllaryň başlaryna yzygiderli 12 gezek gatnaşan we soňky ýarym finalçylaryň biri bolan Lion topary Ligue 1-iň ir tamamlanmagy sebäpli, bu gezek ýaryşyň daşynda galmaly boldy.

Bassyr 9-njy, umumylykda-da 13-nji gezek gatnaşýan PSŽ topary Fransiýanyň iň görnükli wekili hasaplanýar. Ýaryşyň adynyň üýtgemeginden soň, çempionlyk gazanan ilkinji topar Marsel 6 ýyldan soň, ýene-de läheňleriň ligasyndaky ornuny almagy başardy.

Bu olaryň şu ýaryşdaky 10-njy başdan geçirmesi bolar. Şeýle-de Monako 9, Lill 5, Bordo 4, Oser 3, Nant bilen Lans 2 hem-de Monpelie 1 gezek Çempionlar ligasynyň çeşmesinden suw içip gördüler.

Ispaniýa.Iň köp klub iberen Ispaniýanyň La Ligasynyň wekillerinden Real Madrid bilen Barselona toparlaryna ýaryşyň abunaçysy diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.Olardan başga-da, Walensiýa 12 gezek çykyş eden bolsa,, Atletiko Madrid 11, Ýewropa ligasynyň iň şowly kluby Sewilýa 6-njy sapar gatnaşar. 2000-nji ýyldan başlap yzly-yzyna 5 gezek gatnaşan Deportiwo topary häzirki wagtda 3-nji ligada çykyş edýär. 2006-njy ýylda ýarym finala çenli çykan Wilýarreal 3, Atletik Bilbao we Real Sosiedad klublary 2 gezek atlaryny toparçalara ýazdyrmagy başarypdylar. Ýygy-ýygydan aşaky liga düşýän Malýorka bilen Malaga, Betis, şol sanda Selta toparlary-da 1 gezeklik hem bolsa, bu bagta ýeten beýleki toparlardyr.

Angliýa.Angliýanyň çempionatyndan yzly-yzyna 19 möwsüm gatnaşan Arsenala 4 ýyldan bäri Premier Ligada ilkinji 4-lüge düşmek başardanok. 2 gezek çempionlyk gazanan Mançester Ýunaýted 23-nji, edil şonuň ýaly Liwerpul 13-nji sapar wekilçilik eder. 20042016-njy ýyllar aralygynda yzly-yzyna 13 gezek gatnaşan Çelsi, umumylykda 17-nji sapar çykyş edip, bu ugurda 3-nji ýeri eýeleýär.

Mançester Siti 10-njy gezek gatnaşar.Tottenham şu wagta çenli 5, Nýukasl 2, Premier Ligada garaşylmadyk ýagdaýda çempionlyk gazanan Bläkbörn bilen Lester Siti hem-de Lids Ýunaýted 1 gezek çykyş etdiler.

Russiýa. Ilkinji gezek bir möwsümde 3 klub bilen wekilçilik edýän rus toparlary Zenit 8-nji, Lokomotiw 6-njy sapar ýaryşa gatnaşýar. Bu ugurda Moskwanyň Spartagy bilen SSKA-sy, degişlilikde 12 hem-de 10 gezek gatnaşyp, 12-nji orunlary eýeleýärler. Şeýle-de Rubin 2, Rostow 1 gezek toparçalarda çykyş etdi.

Portugaliýa. Munuň tersine, eýýäm 2 möwsümden bäri ýeke klub bilen wekilçilik edýän Portugaliýadan wagtal-wagtal 3 topar gatnaşypdy. Häzirki wagtda Porto bu bäsleşikde ýurduň abraýyny goraýan ýeke-täk topar hökmünde çykyş edýär. Ýurduň iň köp çempion bolan topary Benfikanyň 15, paýtagtyň wekili Sportingiň 8, şol sanda Boawişta bilen Braganyň atlaryna 2 gezek duş gelindi.

Türkiýe. 40 ýyldan soň, 3 uly topary Ýewrokuboklaryň daşynda galan Türkiýäniň adyndan ilkinji gezek täze çempion Istanbul Başakşehir wekilçilik eder. 6 gezek gatnaşyp, 1 gezek çärýek finala çenli çykmagy başaran Fenerbahçe, şol sanda 1 sapar sanawa goşulan Bursaspor bilen Trabzonspor toparlarynyň wekilçilik etmeginiň üstünden köp ýyllar geçdi. Ýurduň adyndan iň köp wekilçilik eden klub Galatasaraý bolup, Jim Bom 15 gezek läheňler bilen bäsleşdi.

Beşiktaş toparynda bu görkeziji 7-ä deňdir.

Niderlandlar.Mahal-mahal 3 klub bilen ýaryşa gatnaşan Niderlandlaryň häzirki wagtda diňe çempionyna ýollanma almak başardýar.Niderlandlara soňky 15 ýylda diňe 2 sapar 2 klub bilen gatnaşmak miýesser etdi. Ýurduň 3 uly klubundan iň köp Aýaks bilen PSW toparlary 16 gezek gatnaşdylar.

Feýenoord toparyna-da bu arzyly ýaryşda 5 gezek çykyş etmek başartdy.Willem II, Heerenween, AZ Alkmaar hem-de Twente toparlarynyň-da ýoly bir gezek düşdi.

Beýlekiler. Şotlandiýadan diňe 2 klub Reýnjers bilen Seltik wekilçilik edip, olaryň hersi 10 gezek ýaryşyň final tapgyryna ýollanma aldy.Edil şonuň ýaly, Ukrainadan hem 2 klub Dinamo Kiýew bilen Şahtýor Donesk gatnaşyp, olaryň birinjisi 17-nji, ikinjisi bolsa 15-nji sapar çykyş eder. Şotlandiýadyr Ukrainadan 1 klub artyk wekil ugradan Gresiýanyň Olimpiakos topary 20 gezek çykyş edip, ol iň köp gatnaşan toparlaryň hatarynda görkezilýär. 10 ýyldan bäri sanawa goşulyp bilmeýän Panatinakos 9, şeýle-de AEK 5 gezek wekilçilik etdi.

Ýewropanyň demirgazygyndaky ýurtlaryň Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň, Norwegiýanyň wekilleri köp wagtdan bäri ýaryşyň daşynda galýar.Diňe 1 kluby HJK bilen wekilçilik eden finleriň ýaryşa gatnaşmanyna 23 möwsüm boldy.Bu görkeziji Norwegiýanyň toparlarynda 13 möwsüme deňdir. 8-si yzly-yzyna jemi 11 gezek gatnaşan Rosenborg norwegleriň bu ýaryşda çykyş eden 2 klubunyň biridir.

Beýlekisi 19992000 möwsüminde Rosenborg bilen bile gatnaşan Molde toparydyr.Irki ýyllarda, aýratynam Gýoteborg topary bilen 4 gezek gatnaşan şwedler ençeme ýyldan soň, Malmö bilen 2 gezek yzly-yzyna çykyş edipdi.

AIK bilen Helsinborg toparlary-da 1 gezek öz bagtyny synap görüpdiler.Häzirki wagtda 5 möwsümden bäri bu ýaryşda şwed klublarynyň ady agzalanok.

Diňe 2 topary gatnaşan Polşadyr Bolgariýanyň klublary-da 4 ýyldan bäri ýaryşyň daşynda galýar.Mundan 24 ýyl ozal çärýek finala çenli çykan Legia 20162017 möwsüminde-de gatnaşypdy.

Polýaklaryň beýleki topary-da Widzew Lods 19961997 möwsüminde çykyş edipdi.Bolgarlardanam Lewski Sofiýa 1, Ludogores 2 gezek yklymyň iň uly ýaryşyna goşuldy.Wagtal-wagtal şowly netijeler gazanan belarus topary BATE Borisow hem ýurdunyň adyndan çykyş edýän ýeke-täk wekildir.

Topar jemi 5 sapar ýollanma alyp, soňky gezek 20152016 möwsüminde çykyş edipdi.Edil şonuň ýaly, ysraýyl klublaryna-da 5 ýyldan bäri saýlama ýa-da pleý-off tapgyrlaryny geçmek başardanok.

Haýfa bilen Tel Awiw şäherleriniň Makkabi klublary 2 gezekden çykyş eden bolsa, Tel-Awiwiň Hapoel topary 1 sapar ýaryşa goşuldy.

4 kluby gatnaşan Rumyniýanyň wekilleriniň soňky gezek çykyş edenine 7 ýyl boldy.Mundan 12 möwsüm ozal, 2 rumyn toparynyň Stýaua bilen KFR Klužuň bilelikde gatnaşandygyny hem bellemek gerek.

Häzirki wagtda adyny FCSB diýip üýtgeden ozalky Stýaua 7, KFR Kluž 3, şeýle-de Unirea Urziseni bilen Oselul Galasi 1 gezek final tapgyryň bije çekilişigine gatnaşdy. Çeh klublarynyň 3-si jemi 12 gezek wekilçilik edip, olaryň 7-si Spartanyň paýyna düşýär.

Wiktoriýa Plzen 3, Slawiýa 2 gezek gatnaşdy.

5 topar bilen jemi 13 gezek gatnaşan şweýsar klublaryndan Bazel 8, Grasshopper 2, Tun, Sürih hem-de Ýang Boýz 1 sapar wekilçilik etdi.

10 möwsümden bäri azyndan 1 klub bilen wekilçilik edýän Belgiýanyň toparlaryndan Anderlehtiň gatnaşmandygyna 3, Standard Liežiň gatnaşmandygyna-da 11 ýyl boldy. Anderleht şu wagta çenli 11 gezek gatnaşan bolsa, Klub Brýugge 8-nji sapar ýaryşa goşular.

3 saýlama tapgyryny geçip ilkinji gezek gatnaşýan Midtýullannyň sanawa goşulmagy bilen ýaryşda çykyş etjek Daniýanyň toparlarynyň sany 5-e ýetdi. Olar umumylykda 9-njy sapar wekilçilik ederler. Şol 9 wekilçiligiň 4-si Kopengageniň paýyna düşýär. Olborg 2, Brondbi bilen Norşellann toparlary-da 1 gezek gatnaşdylar.

3 topar bilen (Kosise, Petražalka, Žilina) wekilçilik eden we her topary-da 1 gezek gatnaşan Slowakiýanyň klublary-da 10 möwsümden bäri bu ýaryşda görnenok.

Ýene degişli makalalar

Sport täzelikleri
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
29 ýyldan soň UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da italýan klublary finalda