UEFA Ýewropa ligasy

UEFA Ýewropa ligasynda täze möwsümiň toparçalardaky ilkinji oýunlarynda diýseň çekeleşikli duşuşyklar oýnaldy. “A” toparçada APOEL öz meýdançasynda “Dudelanždan” 43 asgyn geldi.Ilki myhmanlar 20 öňe saýlansa-da soňlugy bilen ýer eýeleri hasaby 32-ä ýetirdi.

Emma ruhdan düşmedik lýuksemburg topary ýene-de 2 gol geçirip, 43 ýeňiş gazandy. “C” toparçada “Bazel” öz meýdançasynda “Krasnodary” 50 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çempionlygyň dalaşgärlerinden “Arsenal” “F” toparçada myhmançylykda “Aýntrahtyň” torundan jogapsyz 3 pökgi girizdi. “H” toparçada Moskwanyň SSKA-sy myhmançylykda “Ludogoresden” 51 hasabynda ýeňildi. “J” toparçadaky 2 oýun hem 40 hasabynda tamamlandy. Ýagny “Roma” Rimde “Istanbul BŞ” toparyny, ilkinji gezek gatnaşýan “Wolfsberg” topary-da myhmançylykda “Borussiýa M” klubuny 40 hasaby bilen ýeňdi. “K” toparçada soňky 2 minutda 2 gol geçirden “Beşiktaş” topary “Slowan Bratislawadan” 42 asgyn geldi.1-nji duşuşyklaryň netijeleri:“A”: “Garabag”“Sewilýa”: 03, APOEL“Dudelanž”: 34; “B”: “Dinamo K”“Malmö”: 10, “Kopengagen”“Lugano”: 10; “C”: “Hetafe”“Trabzonspor”: 10, “Bazel”“Krasnodar”: 50; “D”: PSW“Sporting”: 32, LASK“Rosenborg”: 10; “E”: “Renn”“Seltik”: 11, “KFR Kluž”“Lasio”: 21; “F”: “Aýntraht”“Arsenal”: 03, “Standard”“Witoriýa”: 20; “G”: “Porto”“Ýang Boýz”: 21, “Reýnjers”“Feýenoord”: 10; “H”: “Ludogores”SSKA M: 51, “Espanýol”“Ferençwaroş”: 11; “I”: “Gent”“Sent Etien”: 32, “Wolfsburg”“Aleksandriýa”: 31; “J”: “Roma”“Istanbul BŞ”: 40, “Borussiýa M”“Wolfsberg”: 04; “K”: “Slowan”“Beşiktaş”: 42, “Wulwerhempton”“Braga”: 01; “L”: “Partizan”AZ: 22, “M. Ýunaýted”“Astana”: 10.

Ýene degişli makalalar

UEFA Ýewropa ligasy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
“Fenerbahçe”, “Olimpiakos” toparlary üçin Çempionlar Ligasy tamamlandy