“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

FIFA tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “The Best” baýraklarynyň dalaşgärleriniň gysga sanawyny mälim etdi.Iň gowy erkek futbolçy baýragyna Tiago Alkantara (Bawariýa/Liwerpul), Kristiano Ronaldo (Ýuwentus), Kewin de Bruýne (M.

Siti), Robert Lewandowski (Bawariýa), Sadio Mane (Liwerpul), Kilian Mbappe (PSŽ), Lionel Messi (Barselona), Neýmar (PSŽ), Serhio Ramos (Real Madrid), Mohamed Salah hem-de Wirjil wan Deýk (ikisem Liwerpul) dagy dalaşgär görkezildi.

Iň gowy derwezeçi baýragyna-da Allison, Tibo Kurtua, Keýlor Nawas, Manuel Noýer, Ýan Oblak hem-de Mark-Andre ter Ştegen dalaşgärlige hödürlendi. Şeýle-de Luis Suares, Oliwie Žiru we başga-da 8 futbolçynyň geçiren gollary iň owadan gol ugrunda ses berlişige goýuldy. Iň köp ses alan gol Puşkaş baýragyna laýyk görler.

“FIFA The Best” baýraklarynyň ýeňijileri 17-nji dekabrda mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragynyň finalçylaryny mälim etdi
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
FIFA 2021-nji ýylyň nusgalyk düzümini kesgitledi