FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar

Dünýä futbolynyň guramaçysy FIFA tarapyndan ýylyň tapawutlananlaryna gowşurylýan “The Best FIFA” baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri ertir mälim bolar. Onlaýn ýagdaýda geçiriljek dabara Aşgabat wagty bulen 23:00-da başlar.

The Best FIFA ýylyň iň gowy futbolçysy bolmak ugrunda 3 futbolçy Lionel Messi, Kristiano Ronaldo hem-de Robert Lewandowski dalaşgär görkezilipdi. Baýragy 3 futbolçydan haýsy hem bolsa, biri alar. Bilermenleriň çaklamasyna görä, Lewandowski bäsdeşlerine garanyňda bir ädim öňde görünýär.

Ýylyň iň gowy tälimçisi diýlen ugurda germaniýaly Ýurgen Klopp bilen Hans-Diter Flik hem-de argentinaly Marselo Bielsa dalaşgärlige hödürlendi.

“The Best FIFA” ýylyň derwezeçisi baýragyna-da braziliýaly Alisson Bekerden, germaniýaly Manuel Noýerden hem-de sloweniýaly Ýan Oblakdan haýsy hem bolsa biri laýyk görler.

Ýylyň zenan futbolçysy diýlen ugurda angliýaly Lýusi Bronz, daniýaly Pernil Harder hem-de fransiýaly Wendi Renar dalaşgär görkezilipdi. Şeýle-de zenan futbolynda ýylyň tälimçisi (Emma Haýes, Žan-Luk Wassur, Sarina Wegman) hem-de derwezeçisi baýraklarynyň (Sara Buhaddi, Kristian Endler, Alissa Naeher) ýeňijileri-de ertirki dabarada mälim ediler.

Puşkaşyň adyny göterýän iň owadan gol baýragyna-da urugwaýly Luis Suaresiň, koreýaly Hyn-Min Sonuň hem-de urugwaýly zenan futbolçy Giorgian De Arrasaetanyň gollary dalaşgär görkezildi.

The post FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Liwerpul müsürli hüjümçi Salah bilen şertnamasyny uzaltdy
100-nji Super Kubogyň eýesi “Liwerpul”
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Şu gün Ýewropanyň iň gowy futbolçylary we tälimçisi belli bolar
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi