Taryhy duşuşyk

Garyşyk söweş sungatlarynyň (UFC) iki görnükli wekili russiýaly Habib Nurmagomedow bilen irlandiýaly Konor Makgregoryň arasyndaky tutluşyk 7-nji oktýabrda ir sagatlarda geçiriler.Bu taryhy tutluşyk ABŞ-nyň Las Wegas şäherindäki “T-Mobile Arenada” guralar.

Bu tutluşyk dünýäniň ençeme ýurtlarynda göni ýaýlymda görkeziler.Golaýda 30 ýaşyny dolduran Habib Nurmagomedow şu wagtda çenli geçiren 26 tutluşygynyň ählisinde-de ýeňiş gazandy.Ol şolaryň 8-sinde garşydaşyny nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Habib soňky sapar şu ýylyň aprelinde amerikaly El Ýakwinta bilen tutluşyp, garşydaşyndan üstün çykypdy. 30 ýaşly Makgregor bolsa, geçiren 24 duşuşygynyň 21-sinde ýeňiş gazanyp, 3-sinde ýeňildi.Onuň nokautlarynyň sany 18-e deňdir. 2016-njy ýylyň 16-njy noýabryndan bäri UFC duşuşygyny geçirmeýän Makgregor soňky sapar professional boks boýunça amerikaly Floýd Meýwezerden asgyn gelipdi.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!