Guşaklaryny yzyna aldy

Saud Arabystanynyň Ed-Diriýa şäherinde geçirilen boks agşamynda birnäçe duşuşyk geçirildi. Şolaryň biri-de angliýaly Entoni Joşua bilen meksikaly Endi Ruiziň arasyndaky tutluşyk boldy.Agyr agramda WBA (Super), IBF, WBO hem-de IBO guramalarynyň çempionlyk guşaklary ugrunda geçirilen bu tutluşyk 12 raundlap dowam etdi.

Netijede, eminler tarapyndan (118:110, 118:110, 119:109) Entoni Joşua ýeňiji diýlip yglan edildi. Şunlukda, Joşua mundan 6 aý ozal asgyn gelen bäsdeşini bu gezek ýeňip, aldyran ähli guşaklaryny yzyna gaýdyp almagy başardy.

Bu onuň 24-nji tutluşygyndaky 23-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.Meksikaly Endi Ruiz bolsa, 35-nji duşuşygynda 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Joşuanyň meksikaly Endi Ruizi ýeňmegi oňa diňe bir çempionlyk guşaklaryny gazandyrman, bu ýeňiş, eýsem angliýaly boksçyny maliýe babatda hem öňdäki orunlara çykardy.Ol bu ýeňişden 52 million funt sterling pul gazandy.

Joşuanyň bu taryhy duşuşygyna Angliýada “tomaşa et, töle” atly ýörite hyzmat ulgamy esasynda 1,6 million adam tomaşa etdi.Adaty ýagdaýda teleýaýlymlardan 24,5 million funt sterling almaly edilen Joşuanyň gazanjy bu ulgam saýasynda 40 million funt sterlinge ýetdi.

Umumylykda bolsa, 52 million funt sterling gazanan boksçynyň karýerasy boýunça ýygnany 100 million funt sterlingden geçdi.Ol mundan ozalky Wladimir Kliçko, Ýosef Parker ýaly meşhur boksçular bilen geçiren duşuşyklaryndan 49 million funt sterling gazanypdy.

Entoni Joşua boksuň taryhynda gazanjyny 100 million funt sterlingden geçiren 7-nji boksçy boldy.Joşuanyň öňümizdäki günlerde-de amerikaly Deonteý Waýlder bilen duşuşmagyna garaşylýar.Ol bu duşuşykda ýeňiş gazanan ýagdaýynda onuň umumy girdejisi 200 million funt sterlinge ýeter.

IŇ KÖP GIRDEJI GAZANAN BOKSÇULAR

Floýd Meýwezer Jr. (ABŞ) 532 million funt

Menni Pakiýao (Filippinler) 387 million funt

Oskar De La Hoýa (Meksika) 342 million funt

Maýk Taýson (ABŞ) 304 million funt

Ewander Holifild (ABŞ) 228 million funt

Lennoks Lýuwis (Angliýa) 106 million funt

Entoni Joşua (Angliýa) 101 million funt

Reý Leonard (ABŞ) 91 million funt

Wladimir Kliçko (Ukraina) 84 million funt

Feliks Trinidad (Puerto Riko) 65 million funt

Ýene degişli makalalar

Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady
WBC guşagy ugrunda
Joşua Usykdan ýene-de asgyn geldi
Usyk bilen Joşuanyň haklaşyk duşuşygynyň wagty belli boldy
Joşua bilen Powetkiniň tutluşygy