Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady

Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady

Britaniýaly Taýson Fýuri super agyr agramda Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasy boýunça dünýä çempiony titulyny gorady. Las-Wegasda (Newada ştaty) geçirilen 12 raundlyk söweşde Fýuri 11-nji raundda tehniki nokaut bilen amerikaly Deonteý Uaýlderi ýeňdi.

Boksçular üçünji gezek duşuşdylar. 2018-nji ýylyň dekabr aýynda bolan birinji söweş deňme-deň tamamlandy. 2020-nji ýylyň fewral aýynda bolan ikinji söweşde 7-nji raundda Fýuri tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanyp, WBC guşagyna eýe boldy. Üçünji söweş geçen ýyl bolmalydy, ýöne birnäçe gezek yza süýşürildi.

Britaniýaly boksçy WBC-niň dünýä çempiony titulyny ilkinji gezek gorady.Ol 2015-nji ýylyň noýabr aýynda ukrainaly Wladimir Kliçkodan üstün çykyp, Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýalary boýunça titullara eýe boldy. 33 ýaşly Fýuri professional ringde bir gezek hem ýeňilmedi, onuň hasabynda 31 ýeňiş (22-si nokaut bilen) we bir deňme-deňlik bar.

35 ýaşly Uaýlder 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2020-nji ýylyň fewral aýyna çenli WBC wersiýasy boýunça dünýä çempiony titulyna eýe bolup, ony on gezek gorady. Uaýlderiň hasabynda 42 ýeňiş (41-si nokaut bilen), iki ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.

Bu söweş üçin Fýuri kepillendirilen 30 mln dollar, Uaýlder 20 mln dollar gazanar. Şeýle-de, britaniýaly boksçy söweşi ýaýlyma bermek hukugyny satmakdan gelen girdeji paýlanan ýagdaýynda 60%-ini alar.

Ýene degişli makalalar

Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
WBC guşagy ugrunda
Ýykylan göreşden doýmaz
Deňlikde tamamlandy
Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar
Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär
Entoni Joşua bilen Taýson Fýuri söweşmek barada ylalaşdylar