“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi

“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi

Meşhur “The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylarynyň atlaryny yglan etdi. Neşiriň redaktorlarynyň pikiriçe, agyr agramly boksçy Taýson Fýuri we ýeňil agram derejesinde WBA, IBF we WBO çempiony Teofimo Lopes iň gowy boksçylar boldy. Geçen ýyl bu baýragy meksikaly Saul Alwares aldy diýip, ctnews.ru belläp geçýär.

Ýatlap geçsek, geçip barýan ýylda Fýuri bir gezek söweşdi.Ol ABŞ-nyň wekili Deonteý Uaýlderi tehniki nokaut bilen ýeňip, agyr agramda WBC-niň dünýä çempiony boldy.Onuň hasabynda professional boksda 31 söweşi bar, 30 söweş ýeňiş bilen (21-si nokaut arkaly), biri deňme-deň tamamlandy.

Lopes barada aýdylanda, 23 ýaşly ABŞ-ly boksçy hem bir gezek söweşdi.Ol eminleriň karary bilen ukrainaly Wasiliý Lomaçenkony ýeňdi we IBF guşagyny saklap, WBA we WBO çempion guşaklaryny aldy.

Belläp geçsek, Lopes agram derejesine garamazdan iň gowy boksçylaryň dünýä sanawynda altynjy orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Guşaklaryny yzyna aldy
Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi
Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar
Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Ýykylan göreşden doýmaz