Deňlikde tamamlandy

Ýylyň iň esasy boks tutluşyklarynyň biri hasaplanýan amerikaly Deonteý Waýlder bilen britaniýaly Taýson Fýuriniň duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady.ABŞ-nyň Los Anjeles şäherindäki “Staples Centre Arenada” geçirilen boks agşamynda agyr agram derejesinde WBC-niň çempionlyk guşagy ugrundaky duşuşyk diýseň çekeleşikli boldy.

Iki boksçy-da şu wagta çenli geçiren tutluşyklarynyň hiç birinde ýeňilmändi.Ilkinji raundlarda iki boksçy-da biri-birine garşy howply urgulary geçirse-de, az hem bolsa, ýewropaly boksçy artykmaçlyk görkezdi. Ýöne 9-njy raundda yzly-yzyna 23 urgudan soň, Waýlder garşydaşyny ýere ýykdy.

Tutluşygy dowam etdiren Fýuri 12-nji raundda-da nokdaun boldy.Emma ol bu sapar hem özüni dürsemegi başardy.Netijede, 12 raunddan soň eminleriň biri Fýurini (114112), ýene-de biri Waýlderi (115111) ýeňiji diýip yglan etdi. 3-nji eminiň pikirine görä-de, tutluşyk 113113 hasabynda deňlikde tamamlandy. Şeýlelikde, köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan bu tutluşygynda ýeňiş gazanan bolmady we 33 ýaşyndaky Waýlder WBC çempionlyk guşagyny goramagy başardy.

Onuň şu wagta çenli geçiren 40 duşuşygynyň 39-synda garşydaşlaryny nokauta iberendigini belläliň. 30 ýaşyndaky Fýuri-de bu duşuşykdan öň 27 gezek ringe çykyp, hemmesinde-de ýeňiş gazanypdy.Agyr agramdaky WBA, WBO we IBF-niň çempionlyk guşaklary angliýaly Entoni Joşuada bolup, öňümizdäki ýylda Fýuri ýa-da Waýlderiň onuň bilen tutluşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

WBC guşagy ugrunda
Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Ýykylan göreşden doýmaz
Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär
Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar