Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär

Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär

WBC boýunça agyr agramda dünýä çempiony Taýson Fýuri we WBA, IBF, WBO we IBO boýunça birnäçe guşagyň eýesi Entoni Joşua 14-nji awgustda Saud Arabystanynda söweşer. Bu barada mma.metaratings.ru habar berdi.

Fýuri iň soňky gezek 2020-nji ýylyň fewral aýynda ringe girip, Deonteý Uaýlderi nokaut bilen ýeňipdi. Onuň hasabynda 30 ýeňiş bar we ýekeje-de ýeňliş ýok. Ol diňe bir söweşi deňlikde tamamlady. Joşua bolsa soňky söweşini 2020-nji ýylyň dekabrynda geçirdi we dokuzynjy raundda nokaut bilen Kubrat Pulewi ýeňdi. Onda 24 ýeňiş we bir ýeňliş bar.

Ýene degişli makalalar

Entoni Joşua bilen Taýson Fýuri söweşmek barada ylalaşdylar
Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady
Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi
Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi