WBC guşagy ugrunda

Dekabr aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gije (daňdan) dünýä belli iki boksçy amerikaly Deonteý Waýlder bilen angliýaly Taýson Fýuri özara tutluşar.Agyr agramda WBC-niň çempionlyk guşagy ugrundaky bu tutluşyk Los Anjelesdäki “Staples Center” arenada geçiriler.

WBC guşagynyň eýesi, 33 ýaşyndaky Waýlder häzirki wagta çenli geçiren 40 duşuşygynyň hemmesini-de ýeňiş bilen tamamlap, olaryň 39-syny nokaut bilen gazandy. 2015-nji ýylda Wladimir Kliçkodan üstün çykyp, köpleriň ünsüni çeken 30 ýaşly Fýuri bolsa, 27 duşuşygynyň hiç birinde-de ýeňlişe sezewar bolmady. 19-syny nokaut bilen ýeňen Fýuri WBA (Super), IBF, WBO, IBO ýaly guşaklaryň eýesidir.

Ýene degişli makalalar

Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady
“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi
Deňlikde tamamlandy
Ýykylan göreşden doýmaz
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär