Pakýaonyň 60-njy ýeňşi

Geçen hepdäniň ahyrynda filippinli boksçy Manni Pakýao bilen argentinaly Lukas Martin Matisse özara tutluşyk geçirdi.Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherindäki “Aksiata Arenada” orta agram derejesiniň WBA (regular) guşagy üçin geçirilen bu tutluşykda 39 ýaşly Pakýao ýeňiş gazandy.

Ol 7-nji raundda 35 ýaşly garşydaşyny nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi.Aslynda 3-nji we 5-nji raundlarda-da garşydaşyny jaýdar urgy bilen ýere ýykan Pakýao tutluşygy diýseň ýokary derejede geçirdi. “Çempionlaryň tutluşygy” ady bilen geçirilen bu tutluşyk Pakýaonyň karýerasyndaky 60-njy ýeňşi, 39-njy nokauty diýlip hasaba alyndy.

Pakýao karýerasynda 69 gezek ringe çykyp, ol şolarda 7 gezek ýeňlişe sezewar boldy. 8 agram görnüşinde dünýäniň çempiony bolan ýeke-täk boksçy hasaplanýan Pakýaonyň 2 duşuşygy-da deňlikde tamamlandy.

Onuň garşydaşy Matisse bolsa, şu wagta çenli geçiren 45 duşuşygynyň 39-synda (36-sy nokaut) ýeňiş gazandy.Ol 5-nji sapar ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Menni Pakýao Ugasdan ýeňlip, WBA wersiýasy boýunça dünýäniň superçempiony titulyny yzyna alyp bilmedi
Pakýao guşagyny gorady
Horn Pakýaodan üstün çykdy
Pakýao WBC we IBF wersiýalary boýunça dünýä çempionyna garşy söweşer
Boksçy Menni Pakýao Filippinleriň prezidentligine dalaş etmek kararyna geldi
Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi