Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)

Godzilla bilen Kong iki nusgawy kino “gahrymanynyň” ekrandaky täze başdan geçirme filmine Adam Wingard režissýorlyk edýär.Godzillanyň garşysyna Kong atly bu filmde esasy keşpleri Aleksander Skarsgard, Milli Bobbi Brown, Rebekka Holl, Braýan Taýri Henri, Şun Oguri, Aýza Gonzales dagy janlandyrýar.

Film 31-nji martdan az sanly kinoteatrda hem-de Warner Bros.kompaniýasynyň streaming kanaly HBO Max-da görkezilip başlandy. Önümçiligi üçin 155-200 million dollar möçberinde maýa goýuldy.

Eýýämden şol çykdajysyny gaýtaryp alan kompaniýa bu filmi Gawaide, Awstraliýada hem-de Gonkongda surata düşürdi.

113 minutlap dowam edýän filmde topar King Konguň hakyky watanynyň gözlegine çykýar. Ýöne bu olar üçin ýönekeý ýolagçylyk bolmaýar. Olar ýolda Godzillanyň üstünden barýarlar. Şondan soň, iki äpet titanyň arasynda bütin dünýäni howp astynda goýýan tutluşyk, uruş başlanýar. Iki nägehanyň arasyndaky söweş dünýäniň jümmüşinde ýatan näbelli dartgynlylygyň başlangyjy bolýar…

Film üçin iň uly bellik, onuň, ýagny iki äpet titanyň söweşine kinoteatrlaryň uly ekranynda däl-de, telewizorlarda tomaşa edilmegi, kino azda-kände oňaýsyz täsirini ýetirýär.

Godzilla vs. Kong

Režissýory: Adam Wingard

Keşplerde: Aleksander Skarsgard, Milli Bobbi Brown, Rebekka Holl, Braýan Taýri Henri, Şun Oguri, Aýza Gonzales, Julian Dennison, Lans Reddik, Kaýl Çandler, Demian Bişir

Prodýuserleri: Tomas Tull, Jon Jaşni, Braýan Rojers, Meri Parent, Aleks Garsiýa, Erik MakLeod

Ssenariçiler: Erik Pirson, Maks Borenstein

Kompozitory: Tom Holkenborg

Operatory: Ben Seresin

Öndüriji: “Legendary Pictures”

Paýlaýjy: “Warner Bros. Pictures” (dünýä boýunça), “Toho” (Ýaponiýa)

Dowamlylygy: 113 minut

Görnüşi: “monster”, uruşly başdan geçirme, ylmy-fantastik

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 155200 million $

The post Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong) appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda bu hepde
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Ilkinji iňlis topary
Kim, haçan oýlap tapdy?
Duzuň reňki nähili?