Baş keşpde Robert Pattinson bilen “Betmeniň” treýleri çykdy

Baş keşpde Robert Pattinson bilen “Betmeniň” treýleri çykdy

Warner Bros. Pictures ilkinji gezek super gahrymanyň keşbini Robert Pattinsonyň ýerine ýetiren “Betmen” barada täze filminiň treýlerini görkezdi. Studiýa wideony sosial ulgamlardaky sahypalarynda ýerleşdirdi diýip, media.az habar berýär.

Treýlerde, Betmenden başga-da, Selina Kaýl (Pişik zenan), Pingwin we Matalçy (The Riddler) ýaly gahrymanlary görmek bolýar.

Pattinsondan başga-da, “Betmende” keşpleri Zoi Kraiws, Pol Dano, Kolin Farrell, Jeffri Raýt, Jon Turturro, Endi Serkis we beýlekiler ýerine ýetirdi. Filmi Mett Riwz (“Cloverfield”, “Maýmynlaryň planetasy: Rewolýusiýa”) surata düşürdi. Kartina 3-nji martda prokata çykar.

Öň, premýera 2021-nji ýylyň oktýabr aýyna meýilleşdirilipdi. Mett Riwz filmiň surata düşürilişiniň şu ýylyň mart aýynda tamamlanandygyny habar berdi. Kartinany düşürmek işleri COVID-19 pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek togtadyldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Boliwiýanyň DIM-i ýurduň BRIKS-e goşulmagynyň üstünde işlemekçi
Eline Gurbanowa Deliýa oýunlarynda bürün medala mynasyp boldy
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Türkmenistanly ýaşlar ilkinji gezek Delfiýa oýunlaryna gatnaşar
Hekaýasyny ekranlaşdyrmaga rugsat berdi