“ABŞ-nyň we Ýewropanyň Elinde Ýeterlik Ok-Däri Ýok”

“ABŞ-nyň we Ýewropanyň Elinde Ýeterlik Ok-Däri Ýok”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ABŞ-nyň we Ýewropanyň elinde ýeterlik ok-däriniň ýokdygyny, şol sebäpli hem Ukraina kasset bombasyny bermegi teklip edendigini aýtdy.

Kremlde metbugata beýannama beren Putin, Amerikan hökümetiniň ýaňy ýakynda şol bombalary ulanmagyň jenaýatdygyny öňe sürendigini ýatlatdy.

Putin, meselä şeýle çemeleşilmelidigini nygtady.

Putin, “ABŞ elinde ýeterlik ok-däri bolmandygy üçin kasset bombalaryny teklip etdi” diýdi.

Ukrainanyň harby goşunynyň günde ortaça 5-6 müňe golaý 155 millimeterlik gülle ulanýandygyny aýdan Putin, ABŞ-nyň bolsa aýda 15 müň gülle öndürýändigini ýatlatdy.

Wladimir Putin, “Ýeterlik gülleleri ýok. Ýewropada onsuz hem ýeterlik ok-däri ýok. Kasset bombasynyň ulanylmagyny teklip etmekden başga zat tapyp bilmediler” diýdi.

Putin, Russiýanyň dürli görnüşde ýeterlik kasset bomba ätiýajynyň bardygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Ukrainanyň rus jemgyýetini durnuksyzlaşdyrmak üçin hüjümler amala aşyrandygyny aýtdy
Putin bilen Tramp NATO-nyň Ankaradaky sammitinden öň Ukraina meselesini maslahatlaşdylar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Russiýa bilen Hytaý Eýranyň täze dini liderine goldaw berýär
Ermenistanyň hökümet baştutanynyň Putine 'gaýtargy' bermegi türkmenistanlylar arasynda disskussiýa döretdi
Russiýa Ukraina bilen Pasha baýramy mynasibetli atyşygy bes etdi
Ukraina Russiýanyň ot açmagy bes etmek teklibi barada ABŞ-dan düşündiriş islär