Finalyň ady: “Aýntrhat”“Borussia D.”

Germaniýanyň kubogy ýaryşynyň finalynda “Aýntraht” bilen “Borussia Dortmund” toparlary çykyş eder.Olaryň ilkinjisi ýarym finalda myhmançylykda “Borussia M.” toparyndan 11 metrlik jerime urgularyndan soň, üstün çykdy.

Esasy wagty 11 (Hofmann 45+2 — Tawatha 15) deňlikde gutaran duşuşygyň ahyrynda penaltileri has dürs ýerine ýetiren (67) “Aýntraht” 7-nji gezek finalda oýnar.Dortmundyň “Borussiasy-da” Çempionlar ligasyndan soň entegem özüni dürsäp bilmeýän “Bawariýany” myhmançylykda 23 (H.

Martines 28, Hummels 41 — Roýs 19, Obameýang 69, Dembele 74) hasabynda ýeňdi. 3 ýyldan bäri finalda utulýan “Borussia D.” soňky sapar 2012-nji ýylda ýeňiji bolupdy. 9-njy gezek finala çykan “Borussia D.” bilen “Aýntrahtyň” arasyndaky duşuşyk 27-nji maýda Berlinde oýnalar.

Ýene degişli makalalar

3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
4-nji finalda ýeňiş gazandy
ÝÇL-iň çärýek finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri)
PSŽ “Barselonanyň” ýyldyzyny transfer etdi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi