Ýeňlişsiz topar galmady

Fransiýanyň çempionatynda PSŽ myhmançylykda “Le Hawr” toparyny Mbappe (10) hem-de Witinýanyň (89) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi.PSŽ 10-njy minutda derwezeçisi Janluiji Donnarummanyň gyzyl kart almagyndan soň 1 oýunçy kem oýnady. “Nant” bilen “Nissanyň” arasyndaky oýunda ýer eýeleri Molleniň 25-nji minutdaky goly bilen ýeňiş, gazanyp, ýeňlişsiz gelýän garşydaşynyň bu derejesini soňlandyrdy. Şunlukda, “Ligue 1”-de ýeňlişsiz klub galmady.

2 penaltini salyp bilmediler

“Lill” öz meýdançasynda “Metsi”, “Marsel” hem “Renn” toparyny 2-0 hasaplar bilen utdy. “Lill”“Mets” duşuşygynda myhman toparynyň oýunçylary (Elisar 29, Kamara 55) 2 gezek penaltini dürs urup bilmediler. Tälimçisini ugradan “Lion” myhmançylykda “Lansdan” 3-2 hasabynda asgyn geldi.

Reýms Strasbur: 2-1 (Riçardson 10, Darami 42 Gameýro 88 p),

Lans Lion: 3-2 (Said 26, Frankowski 52 p, 74 O’Braýen 15, 72),

Nant Nissa: 1-0 (Molle 25),

Le Hawr PSŽ: 0-2 (Mbappe 23, Witinýa 89),

Brest Klermon: 3-0 (De Kastilýo 20, 51, Pereýra Lage 34),

Monako Monpelie: 2-0 (Minamino 9, Ben Ýedder 90+2),

Tuluza Loriýan: 1-1 (Dallinga 72 Dieng 90+1),

Lill Mets: 2-0 (Ýazyjy 45+1, Dewid 45+6 p),

Marsel Renn: 2-0 (Obameýang 8 p, Unai 65)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan: Sport täze möwsüminde hem Fransiýanyň çempionatyny alyp görkezer
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
Lewandowski we ýoldaşlary Polşanyň düzümi
“Sewilýanyň” antirekordy, Ramosyň rekordy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar