Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady

Fransiýanyň çempionaty Ligue 1-de möwsümiň iň simwolik ýygyndysy saýlandy. Sanawa PSŽ-niň super ýyldyzlary Lionel Messi bilen Neýmar saýlanmady. Çempion PSŽniň 4 futbolçysy ýylyň iň gowy 11 futbolçysynyň düzümine saýlandy. 2021/22 möwsüminiň simwolik toparynyň tälimçisi hökmünde-de “Renn” toparynyň tälimçisi Bruno Ženesio saýlandy.

Derwezeçi: Janluiji Donnarumma (PSŽ)

Goragçylar: Jonatan Klauss (Lans), Markinios (PSŽ), Saliba (Marsel), Nuno Mendeş (PSŽ)

Ýarymgoragçylar: Çuameni (Monako), Dimitri Paýet (Marsel), Seko Fofana (Lans)

Hüjümçiler: Martin Terrier (Renn), Ben Ýedder (Monako), Kilian Mbappe (PSŽ)

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Super ýyldyz yzly-yzyna 4-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy
Türkmenistan: Sport täze möwsüminde hem Fransiýanyň çempionatyny alyp görkezer
Ýewropanyň çempionlary “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda belli bolar
De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi