Türkmenistan: Sport täze möwsüminde hem Fransiýanyň çempionatyny alyp görkezer

Türkmenistan: Sport täze möwsüminde hem Fransiýanyň çempionatyny alyp görkezer

Türkmenistan: Sport teleýaýlymy öňümizdäki futbol möwsüminde hem Fransiýanyň iň ýokary ligasynyň ― Liga 1-iň iň gyzykly duşuşyklaryny göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirer.

Şu hepdäniň anna güni başlanjak täze möwsümiň ilkinji duşuşygy 6-njy awgustda Monako bilen Nantyň arasynda bolar. Ýaýlym gije sagat 23:55-de başlajak bu duşuşygy tomaşaçylaryna göni ýaýlymda ýetirmegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem Liga 1-iň türkmenistanly janköýerleri 7-nji awgustda Lýon ― Brest (19:55) we Trua ― PSŽ (23:55) duşuşyklaryna tomaşa edip bilerler. 8-nji awgustda bolsa Renn ― Lans (15:55), Metz ― Lill (19:55) we Monpelýe ― Marsel (23:40) duşuşyklaryna tomaşa edip bileris.

Ýene degişli makalalar

“Le Klassikde” ýeňiş parižlileriň tarapynda boldy
Üçüsem 3 utugy 3 gol bilen gazandylar
Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi
Parižde 36 ýyldan soň ilkinji derbi oýnaldy
Endrigiň het-trigi
Ýeňlişsiz topar galmady
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)