Parižde 36 ýyldan soň ilkinji derbi oýnaldy

Parižde 36 ýyldan soň ilkinji derbi oýnaldy

Fransiýanyň çempionatynda Roždestwo hem-de Täze ýyl mynasybetli berlen arakesme tamamlandy. Çempionatda 36 ýyldan soň oýnalan Pariž derbisinde çempion PSŽ paýtagtyň adybir topary “Pariži” 2-1 hasabynda ýeňdi.

PSŽ-niň gollaryny Due (45) bilen Dembele (53), myhmançylykdaky “Pariž” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa Žebbel 51 p) geçirdi. Şeýle-de, bu oýun iki topar 48 ýyldan soň ilkinji duşuşygy bolup, olar mundan öň soňky gezek 1978-nji ýylda özara duşuşypdy.

Sanawyň lideri “Lans” myhmançylykda “Tuluzanyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizip, ornuny saklamagy başardy.

Tapgyryň iň geň galdyran netijesi “Welodrom” stadionynda hasaba alnyp, ýerli “Marsel” aşaky orunlarda barýan “Nantdan” 2-0 hasabynda asgyn geldi. Duşuşygy 2 oýunçy (Wermeren 26, Nadir 56) kem tamamlan “Marseliň” derwezesinden ýeňiş gollaryny Sentonz (31) bilen Kabella (88 p) girizdi.

Fransiýanyň çempionatynda bu tapgyrda eminler 5 futbolça gyzyl kart görkezdi.

Şol sanda “Lill” hem öz meýdançasynda “Rennden” 2-0 hasabynda ýeňildi.

Bu ýeňlişlerden soň 1-2-nji orunlarda barýan “Lans” bilen PSŽ 3-4-nji ýerlerdäki toparlar bilen aratapawudy açmagy başardy.

17-nji tapgyryň netijeleri:

Tuluza Lans: 0-3 (Said 57, Tomasson 85, Ganiýu 90+5),

Monako Lion: 1-3 (Kulibali 45+3 Şuls 38, 57, Abner 79),

Nissa Strasbur: 1-1 (Wai 54 Paniçelli 13 p),

Lill Renn: 0-2 (Frankowski 49, Marlen 56),

Marsel Nant: 0-2 (Sentonz 31, Kabella 88 p),

Loriýan Mets: 1-1 (Dieng 73 Sane 29),

Le Hawr Anže: 2-1 (Ketan 21, Obugu 81 Muton 55),

Brest Oser: 2-0 (Ažork 33, Şotar 79),

PSŽ Pariž: 2-1 (Due 45, Dembele 53 Žebbel 51 p)

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri Iň gymmat 3-nji futbolçy
TRANSFER TÄZELIKLERI
DÖM-e ýetmekde ýaşlaryň orny atly ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigi geçiriler
Gök önümleriň bolçulygy döredilýär
Türkmen ilçisi Kabulda Bütindünýä şäherler forumy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy
Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi