Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi

Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi

Kabul hepdäniň ahyrynda Pakistanyň demirgazygynda 15 polisiň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi.

Owgan hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Müjahid duşenbe güni Pakistanyň Haýber Pahtunhwa sebitindäki hüjümiň Owganystanda ýaşaýan terrorçylar tarapyndan guralandygy baradaky gaýyşlary kabul etmedi.

Müjahid sişenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Owganystan kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülip bilinjekdigine ynanýar. Töhmetleri we howplary gepleşik geçirmek arkaly ortadan aýyryp bileris” diýdi.

Müjahid Owganystanyň topraklarynyň haýsydyr bir ýurduň durnuklylygyna we howpsuzlygyna zeper ýetirip biljek hereketler üçin ulanylmagyna rugsat berilmejekdigini belledi.

Pakistan şenbe güni polis gullukçylaryny nyşana alan hüjümden soň Owganystana diplomatiýa taýdan garşylyk görkezdi.

Pakistanyň geçiren barlaglary hüjümiň Owganystanda ýaşaýan terrorçylar tarapyndan guralandygyny görkezýär.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi, Owganystanyň topraklarynyň Pakistana garşy terrorçylykly hüjümlerde ulanylmagyna uly alada bildirýändigini mälim etdi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Pakistanyň hüjüme degişli gaýtawuly görkezjekdigi bellenildi.

Pakistan soňky ýyllarda guralýan hüjümlerden Tehrik-i Taliban Pakistanyň jogapkärdigi öňe sürülýär. Emma Owganystan bu günäkärlemeleri ret edýär.

Ýene degişli makalalar

Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Owganystan çaknyşyklarda 55 adamyň ýogalandygyny, Pakistan 415 terrorçynyň öldürlendigini aýdýar
Pakistan Kabula we Owganystanyň serhetýaka welaýatlaryna täze howa hüjümlerini amala aşyrdy
Russiýa bilen Owganystan harby hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi