Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy

Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Ýokary Okuw ministrliginden berilen beýanatda, ähli uniwersitetleriň şu günden başlap bilim bermäge başlandygy mälim edildi.

Dekabr aýynda Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň gyz talyplaryň uniwersitetlerde bilim almagyny gadagan etmeginden soň ýurt derejesinde uniwersitetler ilkinji gezek gyz talyplar bolmadan gapylaryny açdy.

Uniwersitetleriň öňlerinde ýygnanan kiçiräk topar gyz talyplaryň içine girmegine rugsat berilmedi.

Käbir gyz talyplar sosial mediada beren beýanatlarynda, gyz talyplaryň bilim almaga başlaýança çenli erkek talyplaryň uniwersitetlerdäki bilimi protest edip, derslere gatnaşmazlyklaryny islediler.

Şol çagyryşa gulak asan Balh uniwersitetdiniň käbir erkek talyplar, derslere girmejekdiklerini beýan etdiler.

Kabul uniwersitedininiň talyplary hem Talibanyň hökümediň başyna geçmeginden soň uniwersitetleriň mümkinçilikleriniň örän peselendigini belläp, gyz talyplaryň bilim almaklarynyň gerekdigini bellediler.

2021-nji ýylyň 15-nji awgustaynda Talibanyň Owganystanyň hökümediň başyna geçmegi bilen zenanlaryň işlemeklerine we gyzlaryň bilim almaklaryna çäklendirmeler girizilipdi.

Gyzlaryň ilki bilen orta mekdeplerde we liseýlerde, geçen ýylyň dekabr aýynda bolsa uniwersitetlerde bilim almaklary gadagan edildi. Dekabr aýynda şeýle hem zenanlaryň ýerli we daşary ýurtly raýat jemgyýetçilik guramalarynyň işlemeklerine gadagançylyk girizilipdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Özbegistan Owganystana ynsanperwer kömek ugratdy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy