Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy

Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy

Pakistanyň Buluçistan welaýatynda polisiýa ulagyna guralan hüjümde 9 polisiýa işgäri ýogaldy, 11-i ýaralandy.

Dawn gazetinde berlen habara görä, Kaççi we Sibi etraplarynyň serhedinde ýerleşýän Bolan köprüsinde polisiýa ulagyna kamikaze hüjümi guraldy.

Hüjümde 9 polisiýa işgäri ýogaldy, 11-i ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Pakistanyň esasan Haýber Pahtunwa we Buluçistan welaýatynda soňky aýlarda guralýan terrorçylykly hüjümler artdy.

Pakistanyň hökümeti şol hüjümleriň Owganystana ornaşan Pakistan Talibany TTP tarapyndan guralýandygyny öňe sürýär. Owganystan bolsa şol garaýyşlary ret edýär.

Pakistanyň Peşawer şäherinde 30-njy ýanwarda metjide guralan hüjümde esasy bölegi polisiýa işgärlerinden ybarat 102 adam ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Pakistanda guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Pakistan Owganystana howa hüjümini gurady
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy