Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy

Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy

Pakistanyň Haýber Pahtunhwa welaýatynda bolan çaknyşykda 3 esger ýogaldy, 3 başbozar hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Pakistanyň harby goşunyndan berlen beýannama görä, Dera Ismail Han sebitinde başbozarlar bilen howpsuzlyk güýçleri çaknyşdy.

Çaknyşykda 3 esger ýogaldy, 3 başbozar hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýannamada, başbozarlaryň haýsy gurama agza bolandyklary hakynda maglumat berilmedi.

Pakistanda esasan Haýber Pahtunhwa we Buluçistan welaýatlarynda soňky aýlarda terrorçylykly hüjümler artdy.

Pakistanyň hökümeti, şol hüjümleriň Owganystana ornaşan Pakistan Talibany TTP tarapyndan gönükdirilýändigini öňe sürýär. Owganystan bolsa şol garaýyşlary kabul etmeýär.

Pakistanyň Peşawer şäherinde 30-njy ýanwarda günorta namazy mahaly guralan hüjümde esasy bölegi polisiýa işgärlerinden ybarat 102 adam ýogalypdy.

Buluçistanda 6-njy martda guralan hüjümde hem 10 polisiýa işgäri ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy