TRANSFER TÄZELIKLERI

Ispaniýanyň “Barselona” topary “Walensiýanyň” kolumbiýaly goragçysy Jeison Murillony möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy.Eger-de katalonlar möwsümiň ahyrynda 26 ýaşyndaky oýunçyny satyn almak isleseler, 25 million ýewro tölemeli bolarlar.

Murillo 2017-nji ýylyň tomsunda “Interden” “Walensiýa” geçipdi. “Barselona” mundan başga-da, “Tuluzada” çykyş edýän 19 ýaşly fransiýaly ýarymgoragçy Žan Klair Todibony-da möwsümiň ahyrynda hataryna goşar.Todibonyň möwsümiň ahyrynda “Tuluza” bilen şertnamasynyň möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, “Barselona” bu oýunçy üçin hiç hili töleg geçirmez.

Ispaniýaly ýarymgoragçy, Angliýanyň “Çelsi” toparynyň düzüminde çykyş eden Sesk Fabregas Fransiýanyň “Monako” topary bilen şertnama baglaşdy. Şertnamanyň bahasy 10 million dollara deňdir.Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde-de şowly çykyş eden futbolçy täze topary bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ol “Çelsi” toparynyň düzüminde 2014-nji ýyldan bäri oýnap gelýärdi.Ozal Ispaniýanyň “Barselona” hem-de Angliýanyň “Arsenal” ýaly güýçli toparlarynyň düzüminde-de çykyş eden Fabregas Angliýanyň çempionatynda soňky möwsümde “Çelsi”-niň köýnekçesi bilen 6 oýunda meýdança çykypdy. Şonuň üçin ol özüne başga topar gözläp, “Monako” geçmegi makul bildi. “Monako” toparynyň tälimçisi Týeri Anridir.

Fabregas Anri bilen ozal “Arsenal”-yň düzüminde bile çykyş edipdi.

Angliýanyň “Bornmut” topary “Liwerpuldan” 2 futbolçy alyp, düzümini güýçlendirdi. Topar “mersisaýdlylaryň” hataryndan 21 ýaşly hüjümçi Dominik Solanke bilen uzak möhletleýin ylalaşyk gazandy. Bu transferiň möçberi 19 million funt sterling diýlip kesgitlendi. Şeýle-de, “Bornmut” “Liwerpuldan” sag gyraky goragçy Nataniel Klaýny-da möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy.

“La Ligada” öňdäki orunlar ugrunda göreş alyp barýan “Sewilýa” topary “Barselonanyň” 23 ýaşly hüjümçisi Munir El-Haddadini transfer etdi. Oýunçynyň bahasy barada iki tarap häzirlikçe resmi maglumat bermedi. El-Haddadi möwsümde az sanly duşuşykda çykyş edip, 2 gezek tapawutlandy. Ol “Walensiýa” we “Alawes” toparlarynda kärendesine çykyş edipdi.

“Southempton” toparynyň italiýaly hüjümçisi Manolo Gabbiadini öz ýurduna dolandy. 27 ýaşly oýunçy ozalky kluby “Sampdoriýa” bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Genue şäheriniň kluby Gabbiadini üçin iňlis toparyna 12 million funt sterling tölär. Gabbiadini 2013-2015-nji ýyllarda-da “Sampdoriýanyň” köýnekçesini geýipdi.

Gollandiýaly hüjümçi Raýan Babel karýerasyny ýene-de Angliýada dowam etdirer. Laýyk 2 ýyl mundan ozal, “Deportiwodan” Türkiýäniň “Beşiktaş” toparyna geçen 32 ýaşly oýunçy Londonyň “Fulham” klubunda möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnar. Ol 2007-2011-nji ýyllar aralygynda “Liwerpulda-da” oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

Sport gysga habarlar
PSŽ ýene 5 golly ýeňiş gazandy
“Monakonyň” 3,5 aýdan soň, ilkinji ýeňşi
Professional däl klub ýarym finala çykdy
17 müň ýyllyk saz guraly tapyldy
Wulkan partlamasy boldy