Sport gysga habarlar

Messi Ronaldodan öňe geçdi

Ispaniýanyň “La Ligasynda” toparlar 2 duşuşyk oýnap, “Barselona” öz meýdançasynda “Espanýoly” Messiniň gollary bilen 20 ýeňdi.Katalonlar 30-njy tapgyrda myhmançylykda “Wilýarreal” bilen duşuşyp, 16 minutda 20 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “Wilýarreal” 80-nji minutda hasaby 42-ä ýetirdi. 79-njy minutda oýna giren Lionel Messi 90-njy minutda 1 gol geçirdi, 90+3-nji minutda-da Suaresiň golunyň pasyny berip, toparyny ýeňlişden halas etdi.

Bu gollardan soň, Lionel Messiniň çempionatda geçiren umumy gollarynyň sany 415-e ýetdi (446 oýunda). Şunlukda, super ýyldyz Ýewropanyň TOP5 ligasynda iň köp gol geçiren oýunçy diýen ady häzirlikçe Ronaldodan (414 gol 514 oýunda) almagy başardy. “Hueskany” Benzemanyň soňky minutlardaky goly esasynda kynlyk bilen 32 ýeňen “Real Madrid” myhmançylykda “Walensiýadan” 21 asgyn geldi.

“Haddersfild” we “Fulham”aşaky liga düşdi

Angliýanyň çempionatynda “Liwerpul” “Enfild Roadda” “Tottenhamdan” soňky minutlarda Alderweireldiň öz derwezesine girizen goly bilen ýeňşini baýram etdi.Kloppuň şägirtleri öz meýdançasynda 37 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. “Mançester Siti” bolsa, “Fulhamy” Bernardo Silwa we Agueronyň gollary bilen 20 ýeňdi. “Kristal Palasdan” utulan “Haddersfild” topary aşaky liga düşen ilkinji topar boldy. 31-nji tapgyryň çäklerinde “Arsenal” “Nýukasly” 20, “Çelsi” soňky minutlardaky gollary bilen “Kardiffi” 21, edil şonuň ýaly hasap bilenem “Mançester Ýunaýted” “Watfordy” ýeňmegi başardy.

Angliýanyň çempionatynda 32-nji tapgyryň käbir oýunlary-da ir oýnalyp, “Mançester Siti” “Kardiffi” 2-1 ýeňdi. “Watforddan” 41 asgyn gelen “Fulham” hem “Premier liga” bilen hoşlaşan 2-nji topar boldy.

“Ýuwentus” arany açýar

Italiýanyň çempionaty “Serie A-da” soňky 1 hepdäniň dowamynda toparlar 2 duşuşyk geçirdi.Sanawyň lideri “Ýuwentus” ilki “Empolini” 10, soňra myhmançylykda “Kiewony” 20 ýeňdi. Ýaş hüjümçi Moiz Kin her oýunda 1 gol geçirdi.

Rimde “Romany” 41 ýeňen “Napoli” myhmançylykda “Empoliden” 21 asgyn geldi. Öz meýdançasynda “Lasiodan” asgyn gelen “Inter” myhmançylykda “Jenoany” 4-0 ýeňdi. 28-nji tapgyrda “Derbi della Madonniada” utulan “Milan” 29-njy tapgyrda “Sampdoriýadan” 10 utuldy.

Olar 30-njy tapgyrda “Udineze” bilen “San Siroda” 11 deňme-deň oýnady.

Täzeden birinji orna çykdy

Germaniýanyň “Bundesligasynda” geçen 27-nji tapgyrda sanawyň lideri üýtgedi.Soňky minutlarda Pako Alkaseriň gollary bilen “Wolfsburgy” 20 ýeňen “Borussiýa Dortmund” 3 utuk gazanyp, 3 hepdeden soň, täzeden 1-nji basgançaga galdy.

Myhmançylykda “Fraýburg” bilen deňme-deň oýnan “Bawariýa” öňdebaryjy “Borussiýadan” häzirlikçe 2 utuk yzda barýar. Şeýle-de Ýusuf Polseniň het-trik eden oýnunda “Leipsig” öz meýdançasynda “Hertanyň” torundan jogapsyz 5 pökgi girizdi.

PSŽ çemp…

Fransiýanyň çempionatynda nobatdaky çempionlygyna gün sanaýan PSŽ myhmançylykda “Tuluzany” minimal hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.Parižlilere ýeňiş gazandyran ýeke-täk pökgini 74-nji minutda Mbappe öz adyna ýazdyrdy. 1 oýny kem 20 utuk öňde barýan PSŽ topary 31-nji tapgyrda ýeňiş gazanyp, 2-nji basgançakdaky “Lill” utulsa, onda parižliler ýene bir ýola aprel aýynda, wagtyndan juda ir çempionlygyny yglan eder.

Azmunyň gollary

Russiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Zenit” Serdar Azmunyň 2 gol geçiren oýnunda “Orenburgy” 31 hasabynda ýeňdi. “Spartakdyr” “Lokomotiw” hem öz garşydaşlaryny ýeňmegi başardy. “Krasnodar” öz meýdançasynda “Anži” toparyny 50 utdy. Oýunda Şapi Süleýmanow 2 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Aşaky liga düşenler
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
“ÝUWENTUS” HEM ÝEŇILÝÄR
Sulşeriň taryhy rekordy
Messiniň 50-nji het-trigi
Kanallar şäheriniň topary 20 ýyldan soň ýokary ligada