Messiniň 50-nji het-trigi

Ispaniýanyň çempionatynda tapgyryň iň esasy oýnunda sanawyň lideri “Barselona” myhmançylykda “Sewilýany” 42 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji ýarymda 21 öňe saýlanan ýer eýeleriniň torundan gollaryň 3-sini Lionel Messi geçirmegi başardy.

Bu onuň karýerasyndaky 50-nji (“La Ligadaky” 32-nji) het-trigi diýlip hasaba alyndy.Ronaldo 51 het-trik bilen häzirlikçe Messiden bir ädim öňde barýar. “Atletiko” topary “Wilýarrealy” Morata we Saul Niguesiň gollary bilen 20 utdy. “Real Madrid” hem Benzema we Beýliň penalti gollary bilen myhmançylykda “Lewanteden” 21 üstün çykdy.Fransiýanyň çempionatynda PSŽ öz meýdançasynda “Nimi” 30 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda Kilian Mbappe 2 gezek tapawutlandy.Tapgyryň iň esasy oýnunda kem-kemden özüni dürseýän “Monako” topary “Liondan” 20 üstün çykdy.Gollary 1-nji ýarymda Jelson Martins bilen Roni Lopes derwezä girizdi.Angliýanyň çempionatynda soňky 7 günüň dowamynda 2 tapgyryň, has takygy, 2728-nji tapgyryň duşuşyklary oýnaldy. 27-nji tapgyryň merkezi duşuşygynda “M. Ýunaýted” bilen “Liwerpul” duşuşyp, oýunda hasap açylmady.

Jerard Deulofeunyň het-trik eden oýnunda “Watford” myhmançylykda “Kardiff Sitini” 51 ýeňdi. 28-nji tapgyryň çäklerinde, London derbisinde “Çelsi” “Tottenhamy” Pedro we Trippieriň öz derwezesine geçiren gollary bilen 20 utdy. “Liwerpul” bolsa, “Watfordyň” torundan jogapsyz 5 pökgi girizdi.

Olaryň 2-sini Sadio Mane, 2-sini hem Wirgil Wan Deýk geçirdi. “Arsenal” hem “Bornmuty” 51 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Mançester Sitä” Agueronyň 59-njy minutdaky penalti goly “West Hamy” ýeňmek üçin ýeterlik boldy.

Romelu Lukakunyň 2 gol geçiren oýnunda “M. Ýunaýted” myhmançylykda “Kristal Palasy” 31 utdy.Germaniýanyň çempionatynda 1-nji hatarda barýan Dortmundyň “Borussiýasy” ahyry ýeňiş gazandy.Olar kynlyk bilenem bolsa, Lewerkuzeniň “Baýer” toparyny 32 hasabynda ýeňdi.

Dortmundlylaryň gollaryny Zagadu, Sanço hem-de Gýotse derwezä girizdi.Liderden 3 utuk yzda barýan “Bawariýa” öz meýdançasynda “Hertany” Hawi Martinesiň ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Italiýanyň çempionatynda öňdebaryjy “Ýuwentus” Dibalanyň ýeke-täk goly bilen myhmançylykda “Bolonýany” 10 utdy. Şeýlelikde, “Ýuwentus” ilkinji 25 tapgyrda iň köp utuk toplan topar boldy.

Galyberse-de, olar myhmançylykda 25 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.Bu bolsa 2011/12 möwsümindäki rekordlaryna deň diýmekdir. “Napoli” myhmançylykda “Parmanyň” torundan jogapsyz 4 pökgi girizip, olary Zielinski, Milik (2) hem-de Unas öz atlaryna ýazdyrdylar. “Milan” bolsa “Empolini” 30 utup, bassyr 3-nji duşuşygynda 3 utugy 3 gol bilen gazanmagy başardy.

Tapgyryň iň golly oýnunda “Fiorentina” bilen “Inter” 33 deňme-deň oýnap, taraplar 1 utuga razy boldular.VAR ulgamynyň täsirinde galan oýunda ýer eýeleri 90+11-nji minutda hasaby deňlediler. “Roma” hem myhmançylykda “Frosinoneni” Jekonyň 90+5-nji minutdaky goly bilen 32 hasabynda utdy.

Ýene degişli makalalar

Sport gysga habarlar
“LIWERPULYŇ” ÝEŇIŞLI ÝÖRIŞI TAMAMLANDY
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi