“Monakonyň” 3,5 aýdan soň, ilkinji ýeňşi

Fransiýanyň çempionatynda PSŽ ýeňlişsiz ýörişini ynamly dowam etdirýär. Parižliler 14-nji tapgyrda-da ýeňiş gazanmagy başardy. Olar öz meýdançasynda “Tuluzany” Kawaniniň ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda utdy. Aşaky orunlarda barýan 2016/17 möwsüminiň çempiony “Monako” 13 duşuşykdan soň, ilkinji ýeňşini gazandy. Tierri Anriniň tälim berýän topary myhmançylykda “Kan” toparyny Falkaonyň goly bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Ispaniýanyň “La Ligasynda” “Atletiko” bilen “Barselona” duşuşdy. 77-nji minutda Diego Kosta bilen öňe saýlanan madridliler Dembeleniň 90-njy minutdaky goluna çäre tapyp bilmedi. Andre Silwanyň ýeke-täk goly bilen “Walýadolidi” ýeňen “Sewilýa” sanawyň täze lideri boldy. Möwsüme şowsuz başlan “Real Madrid” myhmançylykda “Eibardan” 30 hasabynda utuldy.

Ýene degişli makalalar

PSŽ ýene 5 golly ýeňiş gazandy
“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi
“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi
Ikinji tapgyrda utuldy
Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi
Parižde 36 ýyldan soň ilkinji derbi oýnaldy