“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi

Ispaniýanyň çempionatynda “El Klasiko” oýnalyp, “Barselona” ezeli bäsdeşi “Real Madridi” myhmançylykda Iwan Rakitiçiň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňdi. Şeýlelikde, “Barselona” resmi duşuşyklarda “Real Madridi” 96-njy gezek ýeňip, ezeli bäsdeşinden öňe saýlandy. “Atletiko” Moratanyň 2 goly bilen “Real Sosiedady” myhmançylykda 20 hasabynda ýeňdi.Angliýanyň çempionatynda Demirgazyk London hem-de “Mersisaýd” derbileri deňlikde tamamlandy. Ýagny “Tottenham”“Arsenal” oýny 11 gutarsa, “Ewerton”“Liwerpul” duşuşygynda hasap açylmady. “Bornmuty” Riýad Mahreziň ýeke-täk goly bilen ýeňen “Mançester Siti” sanawyň täze lideri boldy.Italiýanyň “A-Seriýasynda” sanawyň lideri “Ýuwentus” 2-nji basgançakdaky “Napolini” 21 hasabynda ýeňip, aratapawudy 16 utuga ýetirdi.

Oýunda her topardan 1 oýunçy gyzyl kart alyp, 25-nji minutda Ronaldony jerime meýdançanyň daşynda ýykany üçin “Napoliniň” derwezeçisi Aleks Meret, 61-nji minutda-da “Ýuwentusdan” Miralam Pýaniç 2-nji sarydan soň meýdançadan çykaryldy.

Rim derbisinde-de ýer eýeleri “Lasio” “Romanyň” torundan jogapsyz 3 pökgi girizdi. “Kaliariden” 21 utulan “Inter” 3-nji basgançakdaky ornuny “Sassuolony” 10 ýeňen “Milana” aldyrdy.Germaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri Dortmundyň “Borussiýasy” myhmançylykda “Augsburgdan” 21 asgyn geldi. “Borussiýa M” toparyny myhmançylykda 51 ýeňen “Bawariýa” lider bilen utuk sanyny deňleşdirdi.

Duşuşykda Lewandowski 2 gezek tapawutlandy.Fransiýanyň çempionatynda PSŽ Mbappeniň 2 goly bilen “Kan” toparyny 21 ýeňdi.Dembeleniň 2 gol geçiren oýnunda “Lion” “Tuluzany” 51 utdy. “Marsel” hem Balotelli we Toweniň gollary bilen “Sent Etienden” 20 üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi
Derbiler tapgyry
Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşynyň finalynda ilkinji Mançester derbisi
“Mançester Siti” 2-nji tapgyra çykdy
ÝÇL-iň 1/8 final tapgyryndan orun alan Leýpsig — Mançester Siti oýny deňlikde tamamlandy
“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi