Derbiler tapgyry

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda şu gün hem-de ertir biri-birinden gyzykly bolmagyna garaşylýan oýunlar, derbi duşuşyklary oýnalar.Elbetde, olaryň iň esasysy “El Klasiko” bolup, “Real Madrid” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul eder.

Bu olaryň arasyndaky soňky 4 gündäki 2-nji, umumylykda “La Ligadaky” 172-nji “El Klasiko” bolar.Olarda “Real” 72, “Barselona” 71 gezek ýeňiş gazandy.Angliýada Demirgazyk London derbisinde “Tottenham” “Arsenaly” kabul etse, ertir “Merseyside” derbisinde-de “Ewerton” bilen sanawyň lideri “Liwerpul” özara güýç synanyşar. Şu gün Italiýada hem Rim derbisinde “Lasio” bilen “Roma” duşuşar. 1 utuk aratapawudy bilen 12-nji orunlarda barýan “Porto” bilen “Benfikanyň” oýny-da çempionlyk ýaryşyna täsirini ýetirjek duşuşyklaryň biri hasaplanýar.

Germaniýanyň “Bundesligasynda-da” hemişe özüne kynçylyk döredýän “Bawariýa” myhmançylykda “Borussiýa M” topary bilen duşuşar.Ertir “Serie A-da” 13 utuk tapawudy bilen ýeňlişsiz öňde barýan “Ýuwentus” bu tapgyry myhmançylykda “Napolide” geçirer.

Russiýanyň “Premýer” ligasynda-da uzak wagtlyk arakesmeden soň, 2-nji aýlawa düýn badalga berildi.Tapgyryň iň esasy oýny “Spartak” bilen “Krasnodaryň” arasynda bolar.

Tapgyryň iň esasy duşuşyklary:2-nji mart: “Tottenham”“Arsenal” (17:30), “Borussiýa M”“Bawariýa” (22:30), “Lasio”“Roma” (00:30), “Real Madrid”“Barselona” (00:45), “Porto”“Benfika” (01:30), 3-nji mart: “Spartak”“Krasnodar” (21:00), “Ewerton”“Liwerpul” (21:15), “Atalanta”“Fiorentina” (22:00), “R.

Sosiedad”“Atletiko” (22:30), “Napoli”“Ýuwentus” (00:30), “Walensiýa”“Atletik B.” (00:45), “Marsel”“Sent Etien” (01:00).

Ýene degişli makalalar

“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi
“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi
16 duşuşyk 48 gol
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Azatlyk heýkeli ýene-de Fransiýadan ABŞ-a göçýär