Endrigiň het-trigi

Endrigiň het-trigi

Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri üýtgäp, “Oserden” Barkolanyň ýeke-täk goly bilen üstün çykan PSŽ 1-nji orna beýgeldi.Ozalky lider “Lans” myhmançylykda 3-nji hatarda barýan “Marselden” 3-1 hasabynda utuldy.

Oýunda ýer eýeleriniň gollaryny Guiri (2) bilen Nwaneri öz atlaryna ýazdyrdylar.Dowam edýän gyşky transfer möwsüminiň ilkinji günlerinde “Real Madridden” “Liona” kärendesine geçen braziliýaly hüjümçi Endrik täze klubundaky ilkinji het-trigini etmegi başardy.

Ol “Lionyň” myhmançylykda “Metsi” ýeňen duşuşygynda 11-nji, 45+1-nji hem-de 87-nji (p) minutlarda tapawutlandy.Fransiýanyň çempionatynda 9 oýnuň 6-synda myhmanlar ýeňiş gazandy.

19-njy tapgyryň netijeleri:

Oser PSŽ: 0-1 (Barkola 79),

Renn Loriýan: 0-2 (Mekengo 3, Paži 77),

Le Hawr Monako: 0-0,

Marsel Lans: 3-1 (Guiri 3, 75, Nwaneri 13 Fofana 85),

Nant Nissa: 1-4 (Mohamed 45+2 Şo 16, 29, Diop 40, Luşe 90+3),

Pariž Anže: 0-0,

Mets Lion: 2-5 (Kuao 34, Diallo 64 Endrik 11, 45+1, 87 p, Kluiwert 16, Morton 32),

Brest Tuluza: 0-2 (Diop 27, Gboo 43),

Lill Strasbur: 1-4 (Fernandes-Pardo 90+3 Paniçelli 25, Enkiso 26, Godo 58, 72)

Ýene degişli makalalar

“Le Klassikde” ýeňiş parižlileriň tarapynda boldy
Ýeňlişsiz topar galmady
Üçüsem 3 utugy 3 gol bilen gazandylar
Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi
Parižde 36 ýyldan soň ilkinji derbi oýnaldy
Liga 1: PSŽ Liondan asgyn geldi